Moskwa Kursk hüjümini serpikdirendigini aýdýar, Medwedew Ukrainanyň içine has çuň girilmegine çagyrýar

Kursk sebitine urlan zarbalardan soňky görünş

Moskwanyň Kursk sebtini nyşana alýan ukrain pilotsyz uçarlarynyň we raketalarynyň öňüni alandygyny aýtmagy bilen, öňki prezident, häzir Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýän Dmitriý Medwedew rus goşunlarynyň Ukrainanyň içine has çuň aralaşmagyna çagyrdy.

Kursk sebitiniň ýerine ýetiriji häkimi Alekseý Smirnow 7-nji awgustda, Ukrainanyň başlan gury ýer hüjüminiň dowam etmegi sebäpli, adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Russiýa ukrain hüjüminiň tanklar, sowutly ulaglar we artilleriýa bilen goldanylýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 8-nji awgustda Kursk sebitinde alty sany pilotsyz uçary we bäş sany raketany, Belgorod sebitinde bolsa 14 sany pilotsyz uçary urup gaçyrandygyny öňe sürdi.

Medwedew ukrainleriň Kursk sebitine çozup girmegi barada gürrüň edip, Moskwanyň diňe Russiýanyň özüne degişli hasaplaýan sebitleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinmän, Ukrainanyň Odesa, Harkow, Dnipro, Mikolaýiw we Kiýew sebitleriniň içine çenli süýşmegine çagyrdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin biraz öň, urşa tarapdar rus bloggerleriniň ýurt çägine giren ukrain güýçleriniň ýol ugruna birnäçe obany ele geçirendigini habar bermeginiň arasynda, Kiýewi sebitdäki raýat we ýaşaýyş nokatlaryna raketa atmakda günäkärledi.

Putin 7-nji awgustda geçiren hökümet ýygnagynda eden çykyşynda bu harby operasiýany "ýene bir giň gerimli prowokasiýa" diýip atlandyrdy.

Ukrain resmileri Kursk sebitiniň içine edilen çozuş barada hiç hili düşündiriş bermediler, ýöne Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 7-nji awgustda duşmany ýok etmegi “mümkin boldugyça anyk, ukrain esgerleriniň başardyklaryça, mümkin boldugyça netijeli bolar ýaly” dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Russiýa näçe köp basyş edilse, parahatçylyk şonça-da ýakynlaşar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. "Adalatly parahatçylyk diňe adalatly güýç arkaly [gazanylar]. Muny üpjün edýänlere sag bolsun aýdýaryn" prezident aýtdy.

ÝB-niň metbugat wekili Piter Stano Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda Bileleşigiň söweş meýdanyndaky hereketler barada düşündiriş bermeýändigini, ýöne "Ukrainanyň, hüjümiçini baryp öz çäginde hem urmak bilen, özüni goramaga kanuny hukugynyň bardygyna" ynanýandygyny aýtdy.

Şu aralykda, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jon Kirbi Ak tamyň Kursk sebitindäki ýagdaýa "biraz gowurak düşünmek" üçin Ukraina ýüz tutandygyny aýtdy.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mätýu Miller 7-nji awgustda Waşingtonyň Ukrainanyň ABŞ ýaraglaryny serhetden aňyrda ýa-da Russiýanyň harby desgalaryna garşy ulanmaklary baradaky syýasatynyň üýtgemändigini tassyklady.

Edilýän hereketler "biziň syýasatymyzy bozmak bolmaýar" diýip, Miller sözüniň üstüni ýetirdi.