Moskwa sudy ukrain aktiwistini gaýybana 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi

Çeh paýtagtynda Orsýetiň Ukraina garşy agressiýasyna garşy dowam edýän "Praga Maýdanynda" geçirilýän yzygiderli protest çäresindäki maglumat materiallary. Praga, 2019-njy ýylyň 21-nji marty

Moskwanyň şäher sudy 2022-nji ýylyň 9-njy maýynda Russiýanyň Polşadaky ilçisi Sergeý Andreýewiň üstüne şugundyr suwuny sependigi üçin ukrain raýaty Irina Zemlýany gaýybana 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ol tutulsa, jezasyny umumy düzgünli türmede çekmeli. “Mediazona” bu habary Baş prokuraturanyň maglumatyna salgylanyp çap etdi.

Zemlýana halkara gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrmak maksady bilen daşary ýurt döwletiniň wekiline hüjüm etmekde, zorluk ulanmak arkaly ýigrenji we duşmançylygy öjükdirmekde we rus goşuny barada "ýalan maglumatlary" ýaýratmakda günäli tapyldy.

Rus derňewçileriniň maglumatlaryna görä, Zemlýana 2022-nji ýylyň 9-njy maýynda "beýleki näbelli adamlar" bilen birlikde rus ilçisine hüjüm edipdir.

Zemlýana ukrain metbugatyna aktiwistleriň başda Andreýew ýadygärlige gül goýan wagtynda "öz üstelerine gyzyl boýag sepip, ölen ýaly ýatmagy" meýilleşdirendigini aýtdy: "Bu ruslar nirede peýda bolsa, şol ýerde gan dökülýändigini we ukrainleriň ölýändigini alamatlandyrmalydy".

Onuň sözlerine görä, şugundyryň suwy diplomatyň üstüne atanlykda dökülipdir.