Ukrainanyň ýaragly güýçlerine goşulmakda aýyplanan we Moskwanyň 2022-nji ýylda Ukraina garşy başlan giň gerimli çozuşynyň başyndan bäri Russiýa tarapyndan tussaglykda saklanan Stiwen Habbard boşadyldy. ABŞ-nyň Miçigan ştatyndan bolan, pensiýa çykan bu 74 ýaşly mekdep mugallymynyň boşadylmagy Kremliň hoşniýetli ädimi hökmünde görkezilýär.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Habbardyň boşadylandygyny 21-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoff bilen nobatdaky gepleşiklerine başlanda yglan etdi. Bu olaryň dokuzynjy duşuşygy bolup, gepleşikler Ukrainadaky urşy bes etmäge gönükdirildi.
Putiniň aýtmagyna görä, Russiýada saklanýan ABŞ raýatlarynyň arasynda Waşingtonyň «bikanun saklanan» diýip ykrar eden ýeke-täk tussagy bolan Habbard Sankt-Peterburgyň Pulkowo howa menzilindedi. Ol şol ýerden Witkoff bilen bilelikde ABŞ-a uçup gaýdar.
Az salymdan ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem Habbardyň boşadylandygyny tassyklap, onuň basym maşgalasyna gowuşjakdygyny aýtdy.
"Öýüňe hoş geldiň, Stiwen. Gaýdyp geleniňe örän begenýärin" diýip, ol Truth Social ulgamynda ýazdy.
Tramp geçen hepde Putin bilen telefon arkaly gepleşende Habbardyň boşadylmagyny "haýyş edendigini" we munuň deregine Waşingtondan "hiç zat bermek talap edilmändigini" aýtdy. Ol Kremliň bu ädimini "görlüp-eşidilmedik" diýip häsiýetlendirdi.
ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleriniň arasyndaky soňky telefon gepleşiginden soň Tramp Russiýanyň dizel ýangyjynyň eksportyny höweslendirmek baradaky ylalaşygy yglan etdi. Şeýle-de, ol geçen aý özüniň gol çeken kanunyna laýyklykda girizilmeli sanksiýalary ulanmazlyk kararyna geldi. Kiýew we onuň günbatarly ýaranlary bu ädimleriň Moskwanyň urşy dowam etdirmek mümkinçiliklerini has-da artdyryp biljekdigini duýdurypdylar.
Habbard 2022-nji ýylyň aprelinde rus güýçleri tarapyndan tussag edilipdi. Soňra, 2024-nji ýylyň oktýabrynda Moskwanyň şäher kazyýeti ony hakyna tutma söweşiji bolmakda aýyplap, alty ýyl on aý türme tussaglygyna höküm etdi.
Rus prokurorlary onuň aýda 1 müň dollar tölenmegini göz öňünde tutýan şertnama esasynda Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkiw sebitinde bu ýurduň ýerli goranyş güýçleriniň hatarynda söweşendigini öňe sürdüler. Şol wagt sebitiň uly bölegi rus güýçleri tarapyndan basylyp alnypdy.
Habbardyň maşgalasy, hususan-da, onuň aýal dogany Patrisiýa Foks öň bu aýyplamalara şübhe bildiripdi. Olar Habbardyň uzak wagtdan bäri Russiýa duýgudaşlyk bildirendigini we 2014-nji ýylda Ukraina göçüp barandygyny aýdypdylar.
Foksyň aýtmagyna görä, Habbard ukrainaly söýgülisi bilen aýrylyşandan soň Izýum şäherinde ýaşapdyr we uruş başlananda şol ýerde eken. Ol 2022-nji ýylyň maýynda ýaýradylan, Habbardyň uruş barada pikirlerini beýan edýän wideosyna hem ünsi çekdi.
Şol wideoda Habbard ukrain güýçleriniň "propaganda maksatlary bilen" Izýumy oka tutandygyna şaýat bolandygyny öňe sürýär we Putiniň Ukraina çozmak kararyna düşünýändigini aýdýar.
Wideonyň nähili şertlerde düşürilendigi henizem belli däl. Bu bolsa Habbardyň şol sözleri aýtmaga mejbur edilip-edilmändigi baradaky soraglary döredýär. Onuň tussag edilendigi ýa-da nähili ýagdaýda Moskwa düşendigi barada habarlar ýa-da resmi beýanatlar berilmändi.
ABŞ raýatlarynyň Russiýanyň türmelerinde saklanmagy soňky ýyllarda möhüm syýasy meselä öwrüldi. Köpler olaryň işlerine amerikalylaryň has giň geosyýasy dawalarda basyş guraly hökmünde ulanylmagynyň bir bölegi hökmünde garaýarlar.
Habbardyň boşadylmagy ABŞ-da Kongrese haýsy partiýanyň gözegçilik etjekdigini kesgitlejek noýabrdaky aralyk saýlawlaryň öňüsyrasyna hem-de Russiýanyň giň gerimli çozuşyny bes etmek üçin Moskwa bilen Kiýewiň arasynda uzaga çeken gepleşikleriň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
Mümkin bolan ylalaşygyň şertleri babatda iki tarapyň garaýyşlary biri-birinden henizem düýpli tapawutlanýar. Kreml hiç hili eglişik teklip etmän, öz berk talaplarynda durýar.
Trampyň döwründe-de, onuň öňüsyrasyndaky prezident Jo Baýdeniň döwründe-de Moskwa bilen Waşington ABŞ-nyň we Russiýanyň türmelerinde saklanýan tussaglaryň arasynda birnäçe uly alyş-çalyş geçirdi. Ýöne Moskwa henizem işleri çözülmedik birnäçe ABŞ raýatyny saklaýar.
Şu ýyl öňräk Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan, hukuk goraýjy "Global Reach" toparynyň strategiýa boýunça ýolbaşçysy Erik Lebsonyň aýtmagyna görä, azyndan bäş amerikaly Russiýada tussaglykda galýar. Beýleki maglumatlarda olaryň sanynyň 10-a ýetýändigi aýdylýar.
"Stiwen Habbardy maşgalasyna gowşurandygy üçin Trampyň administrasiýasyna minnetdardyrys" diýip, Lebson 21-nji oktýabrdaky beýanatynda aýtdy. "Ýöne şol bir wagtda, Russiýada saklanýan amerikalylaryň ýene bäş maşgalasynyň bardygyny bilýäris. Olara öz ýakynynyň näme üçin bu ylalaşyga goşulmandygyna düşünmek kyn bolar".