Moskwanyň prokuraturasy belli blogger Ýuriý Dudi derňeýär

Belli blogger Ýuriý Dud

Russiýada prokuratura sosial mediadaky belli blogger Ýuriý Dude garşy jenaýat işini açdy. Ol Kremliň Ukraina garşy başladan urşundan soň, harbylaryň tankytlanmagyna garşy kabul edilen soňky kanunlary bozmakda aýyplanýar. Bu barada TASS gullugy kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Moskwanyň Döwlet Uniwersitetiniň uçurumy Dude “Russiýanyň armiýasyny abraýdan düşürmek” diýen aýyplama ýöňkelýär.

Duduň YouTube we Instagram sosial torlarynda millionlarça yzarlaýjysy bar.

Ol mundan dört ýyl ozal Stalin döwrüniň repressiýalaryny seljerip, şeýle-de has köp syýasy we jemgyýetçilik meseleleri barada gürrüň edip başlady.