Baýden Ysraýyla we Iordaniýa ugraýar, Gaza umumy çöküşe ýakynlaýar

Ysraýyl-Liwan serhediniň golaýyndaky dartgynlylyk ýokarlandy.

Ýaşaýjylar we ynsanperwer toparlar 16-njy oktýabrda suw, azyk we güýçden gaçan generatorlar üçin ýangyç sorap, Müsüriň Gaza bilen serhedine, ýük awtoulaglarynyň boş duran ýerine toplandylar.

Ysýarlyň daşyny baglamagy netijesinde, Hamasyň geçen hepde guran hüjüminden soň görlen çäreler kiçijik Palestina territoriýasynyň doly çökmegini golaýladýar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 18-nji oktýabrda bu sebite ugramaga taýynlanmagy bilen, Hamas söweşijileriniň rehimsiz hüjüminden bäri Ysraýyl tarapyndan daşy gabalan Gaza zolagynda galan millionlarça asuda adama kömek bermek meselesini çözmek üçin, ABŞ bir topar tagalla etdi.

Ysraýylyň Gaza urýan howa zarbalary 17-nji oktýabrda, irden hem dowam etdi, gabalan çägiň günortasynda onlarça adam öldi, Ysraýyl demirgazykdaky asuda adamlaryň garaşylýan gury ýer hüjüminden öň gaçybatalga gözlemegini buýurdy.

"Associated Press" habar gullugynyň habarçysy 17-nji oktýabr güni irden bäri Han Ýunisdäki Nasser keselhanasyna 50 töweregi jesediň getirilendigini gördi.