Müsürde Abdel Fattah al-Sisi üçünji möhlete prezident saýlandy diýip, ýurduň saýlaw resmileri 18-nji dekabrda mälim etdiler.
Sisiniň sesleriň 89.6%-ni alan saýlawlarynda, oňa çynlakaý bäsdeşlik görkezip biljek dalaşgär bolmady.
Saýlawlar ýurtdaky ykdysady krizis, şeýle-de Gazadaky konfliktiň Müsüriň Sinai ýarymadasyna geçmek howatyrlary bilen utgaşdy.
Käbir ses berijiler Gazadaky konfliktiň, olary Sisä ses bermäge iterendigini aýtdylar. Sisi özüni dartgynly regionda durnuklylygyň binýady hökmünde häsiýetlendirýär.