Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Ysraýyl Eýrana garşy giň gerimli zarba kampaniýasyny başlanlaryndan bary-ýogy 48 sagat soň, Liwandaky ýaragly topar Hezbollah hem çaknyşyga goşuldy we öz howandaryny goldady.
Tähranyň döwlet däl iň ýakyn ýarany bolan Hezbollah 2-nji martdan bäri goňşy Ysraýyla ýüzlerçe raketa we dron atdy. Şeýlelikde, uruşda täze bir front açdy we Ysraýylyň harby serişdelerini dartgynly ýagdaýa saldy.
Hezbollah hem ýaragly topar, hem-de syýasy partiýa bolup, Liwanyň günortasynyň uly bölegine gözegçilik edýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ony terror guramasy hasaplaýar, emma Ýewropa Bileleşigi diňe onuň ýaragly ganatyny gara sanawa goşdy.
Hezbollahyň hüjümlerine jogap hökmünde Ysraýyl Liwanyň günortasyna guryýer çozuş başlatdy we weýran ediji howa zarbalaryny amala aşyrdy. Ýerli saglyk edaralarynyň maglumatlaryna görä, 2 müňden gowrak adam öldürildi we 1,2 milliondan köp adam öýünden göçürildi.
Indi bolsa, Tähran bilen Waşington mümkin bolan parahatçylyk ylalaşygy boýunça gepleşik geçirýän mahaly, Eýran sebitdäki öz proksileirine garşy hüjümleriň — aýratyn-da Ysraýylyň Hezbollah-a garşy zarbalarynyň — bes edilmegini esasy talaplarynyň birine öwürdi.
“Sebitdäki iň gymmatly baýlyk”
"Eýran Hezbollahy sebitdäki iň gymmatly baýlygy, Ysraýyla garşy öň hatary hökmünde görýär. Şonuň üçin Liwany gepleşiklerden daşarda goýmak, onuň esasy saklaýjy güýjüniň Ysraýyl tarapyndan dowamly gowşadylmagyna razy bolmak diýmekdir” diýip, Londonda ýerleşýän Chatham House pikir merkeziniň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika maksatnamasynyň direktory Sanam Wakil aýtdy.
“Yrakdaky ýa-da Ýemendäki toparlardan tapawutlylykda, Hezbollah Ysraýylyň serhedinde ýerleşýär we uly raketa arsenalyna eýedir. Şol sebäpli ol uruşda-da, gepleşiklerde-de Eýranyň täsir güýjüniň merkezinde durýar” diýip, ol goşdy.
Hezbollah “garşylyk oky” diýlip atlandyrylýan ulgamyň esasy sütünidir. Bu Eýranyň ýaragly wekilleriniň we Tähran tarapyndan goldanýan toparlarynyň ulgamydyr. Olaryň arasynda Ýemendäki husi gozgalaňçylary hem-de Eýrana tarapdar Yrak toparlary bar. Olar hem urşa goşuldy.
Onýyllyklaryň dowamynda gurlan bu “garşylyk oky” Tähranyň öňe süýşürilen goranyş strategiýasynyň möhüm bölegi boldy. Bu strategiýa serhetlerinden daşarda täsirini ýaýratmaga we esasy garşydaşlary bolan Ysraýyl bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen göni çaknyşygy azaltmaga gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda bu bileleşik birnäçe agyr zarba aldy. Liwanda uly harby we syýasy güýç bolan Hezbollah, toparyň köp ýyllap ýolbaşçysy Hassan Nasrallanyň öldürilen, bir ýyl dowam eden agyr uruşdan soň gowşady. 2024-nji ýylyň ahyrynda gowşak ýaraşyk gazanylsa-da, Ysraýyl toparyň ýolbaşçylaryny we harby arsenalyny nyşana almagyny dowam etdirdi.
Hezbollah tasdan güýçden düşdi diýip hasaplanylýardy; iň bolmanda giňden ýaýran pikir şeýledi. Emma topar Ysraýyla garşy yzygiderli hüjümleri bilen köp synçylary geň galdyrdy we henizem ep-esli raketa arsenalyna eýedigini görkezdi.
“Soňky ýitgilerine garamazdan, Eýran henizem Hezbollahy öz esasy saklaýjy güýji we Ysraýylyň zarbalaryna garşy ätiýaçlandyryş hökmünde görýär. Eger Eýrana hüjüm edilse, ol Ysraýyly göni howp astyna salyp biler” diýip, Wakil aýtdy.
Ýaraşyk baradaky dawa
Eýran bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary 7-nji aprelde iki hepdelik ýaraşyk barada ylalaşanlarynda, Liwany hem öz içine alýarmy ýa ýokmy diýen dawa sebäpli bu ýaraşyk derrew diýen ýaly bozuldy. Waşington ylalaşygyň Hezbollaha garşy Ysraýyl hüjümleriniň togtadylmagyny öz içine almaýandygyny aýtdy, emma Tähran munuň bardygyny öňe sürdi.
Ýaraşyk güýje girenden 24 sagat geçmänkä, Ysraýyl Liwana garşy iň ganly hüjümlerini amala aşyrdy. 300-den gowrak adam öldürildi, 1 müňden gowrak adam ýaralandy we bu giňden gahary getirdi. Şondan soň Ysraýyl ýurtdaky hüjümlerini azaltdy.
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian X ulgamynda ýazyp, Ysraýylyň zarbalarynyň “aldawçylygy we ýaraşyga boýun egmezligi görkezýändigini” aýtdy. “Eýran öz liwanly dogan-uýalaryny hiç wagt taşlamaz” diýip, ol goşdy.
Eýran Ysraýyla garşy jogap zarbasyny urmady, emma dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň möhüm geçelgesi bolan Hormuz bogazyny täzeden açmakdan ýüz öwürdi. Bu hem ýaraşygyň möhüm bölegi bolup, eýýäm gowşak bolan ýaraşygy has-da dartgynly ýagdaýa getirdi. Şondan soň ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri Eýranyň portlaryna we bogazdaky gatnawyna blokada girizdi. Maksat Tähranyň nebit we gaz eksportyny duruzmakdy.
11-nji aprelde Yslamabatda geçiriljek ABŞ-Eýran gepleşikleriniň öňüsyrasynda, Tähran Ysraýylyň Hezbollah-a garşy dowam edýän hüjümleri sebäpli gepleşiklerden soňky pursatda çykyp gitjekdigini aýtdy. Ahyrsoňy, Eýran wekiliýeti gepleşiklere gatnaşdy, emma taraplar urşy bes etmek boýunça ylalaşyk gazanyp bilmedi.
Yslamabat gepleşikleriniň öňüsyrasynda Eýran 10 maddalyk parahatçylyk meýilnamasyny hödürläpdi. Talaplaryň arasynda Liwanda, Yrakda we Ýemende ýerleşýän ýaragly ýaranlaryna garşy Amerikan we Ysraýyl hüjümleriniň bes edilmegi hem bardy.
Güýji sebitde görkezmek
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Hezbollahy goramak we ony islendik parahatçylyk ylalaşygyna goşmak Eýran üçin ileri tutulýan mesele bolar.
“Hezbollah Eýranyň sebitdäki iň köne we iň möhüm ýarany hem wekili bolup geldi. Ol urşuň soňky tapgyryna Eýrany goldamak üçin goşuldy, şonuň üçin Eýran mümkin boldugyça munuň jogabyny bermek isleýär” diýip, Waşington institutynyň Eýran goranyş meseleleri boýunça hünärmeni Farzin Nadimi aýtdy.
“Olar özleriniň iň möhüm wekilleriniň ähmiýetini saklamak we onuň has-da gowşamagynyň öňüni almak isleýärler” diýip, Nadimi goşdy.
Eýran 1982-nji ýylda, şol ýyl Ysraýylyň raýat urşy dowam edýän Liwana çozuşyna jogap hökmünde Hezbollahyň döredilmegine kömek etdi. Döredilen gününden bäri bu şaýy syýasy we harby gurama Eýrandan uly maliýe we syýasy goldaw alyp gelýär. Eýran bolsa şaýylaryň agdyklyk edýän döwletidir.
International Crisis Group guramasynyň uly Eýran seljerijisi Naýsan Rafati, Tähranyň uzak ýyllap ýarany bolan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň 2024-nji ýylyň dekabrynda häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň Hezbollahy goramagyň has möhüm bolandygyny aýtdy. Assad döwründe Siriýa “garşylyk okunda” döwlet derejesindäki ýeke-täk beýleki aktýordy.
“Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda Lewant sebitinde Eýranyň täsiri we güýjüni görkezmek mümkinçilikleri uly zarba aldy” diýip, Rafati aýtdy.
Bu ýagdaý Hezbollahyň gowşamagyny hem öz içine alýar. Topar ýaraglaryny tabşyrmagy talap edýän içerki we halkara basyş bilen ýüzbe-ýüz boldy. Liwan goşuny hem ýurduň günortasyna — Hezbollahyň esasy galasyna — ýerleşdirildi. Bu hem topar üçin nobatdaky zarba boldy.
Rafatiň sözlerine görä, ideologiýa we geografiýa Hezbollahy Tähranyň taşlamak islemeýän ýaranlaryna öwürýär.
“Ony giňişleýin ýaraşyga [we parahatçylyk ylalaşygyna] goşmaga synanyşyp, eýranlylar toparyň ertir hem göreşip biljek ýagdaýda ýaşap galmagyny üpjün etmäge çalyşýan ýaly görünýär. Bu syýasy güýç hökmünde-de, ýa-da has gönümel manyda Ysraýylyň demirgazyk serhedindäki harby güýç hökmünde-de bolup biler” diýip, ol aýtdy.
Ysraýylyň Hezbollah-a garşy zarbalaryny bes etmäge we ABŞ-Eýran parahatçylyk ylalaşygynyň çäklerinde Liwanyň günortasyndan goşunyny çykarmaga razy boljakdygy belli däl. Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu ýurduň Hezbollah-a garşy hüjümlerini dowam etdirjekdigini we topary ýok etjekdigini aýtdy.
Ysraýylyň we Liwanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri 14-nji aprelde Waşingtonda Döwlet sekretary Marko Rubiýonyň araçylyk etmeginde gepleşik geçirerler.
Liwan ýaraşyk çagyrdy, emma Ysraýyl Hezbollah bilen ýaraşygy ret etdi we toparyň ýaragsyzlandyrylmagyny talap edýär. Hezbollahyň ýolbaşçysy Naim Kasym bolsa Liwany Waşingtondaky gepleşikleri ýatyrmaga çagyrdy.