NATO: “Wagner” pitnesi Moskwanyň urşunyň “Uly strategiki ýalňyşlyk” bolandygyny görkezdi

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 26-njy iýunda Russiýanyň “Wagner” hakyna tutma toparynyň ýatyrylan gozgalaňynyň Moskwanyň Ukraina garşy urşa başlap, strategiki ýalňyşlyk goýberendigini görkezendigini aýtdy.

"Hepde aýagynda bolup geçen wakalar Russiýanyň içerki meselesi we prezident (Wladimir) Putiniň Krymy bikanun anneksiýa etmeginiň we Ukraina garşy alyp barýan urşunyň uly strategiki ýalňyşlyk bolandygynyň ýene bir subutnamasy" diýip, ol Litwanyň paýtagty Wilniýusda žurnalistlere aýtdy.

"Russiýa öz hüjümini dowam etdirdigiçe, biziň Ukraina berýän goldawymyzy dowam etdirmegimiz şonça hem möhümdir" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.