Nawalnynyň egindeşleri "Putin ganhor" çäresini geçirer

Arhiw suraty

Alekseý Nawalnynyň egindeşleri "Putin ganhor" atly aksiýa geçirjekdiklerini yglan etdiler.

Bu çäre Nawalnynyň zäherlenmeginiň üçünji ýyl dönümine, 20-nji awgusta gabat geçiriler.

“Gorky, zorluk, adam öldürmek - Putiniň häkimiýeti 20 ýyldan gowrak wagt bäri şu zatlar arkaly saklanýar. Russiýada oňa garşy çykanlar, ýurdumyzyň erkin geljegi üçin göreşenler ilkinji pidalar boldy. Putin indi goňşy ýurt bilen 21-nji asyrdaky iň elhenç we manysyz, günde ýüzlerçe we müňlerçe adamyň ölýän urşuna sebäp boldy" diýip, “Nawalnynyň toparynyň” sosial ulgamlardaky beýanatynda aýdylýar.

Oppozisioneriň egindeşleri "howpsuz ýurtlarda" ýaşaýanlary 20-nji awgustda bu çärä gatnaşmaga çykmaga çagyrdylar. “Nawalnynyň topary” “Putin ganhor” jümlesi bilen wideoýazgy taýýarlamagy we listowkalary hem-de agitasiýa materiallaryny sosial ulgamlarda paýlaşmagy soraýarlar.