Nobel baýragynyň eýesi Mohammadi türmede açlyk çekýär

Narges Mohammadi

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi, Eýranda türmä basylan Narges Mohammadi, zerur bolan lukmançylyk kömeginiň berilmezlgine garşy protest bildirip, açlyk yglan etdi.

Türme işgärleri onuň saglyk kömegini almagynyň öňüni başyna ýaglyk daňynmaýandygy üçin baglady.

Maşgalasynyň 6-njy noýabrda Instagramda ýaýradan baýanatyna görä, türmäniň "ynamdar" lukmanynyň goýan diagnozy Mohammadiniň gyssagly lukmançylyk kömegi üçin ýürek we öýken merkezine geçirilmelidigini görkezýär.

Häzir onuň zerur lukmançylyk kömeginden kesilnine bir hepde boldy.

"Narges şu gün iki zada garşy açlyk edýär: Yslam respublikasynyň syrkaw tussaglaryň lukmançylyk kömegini gijikdirmegine we olara seretmezligine, netijede adamlaryň saglygyny we ömrüni ýitirmegine sebäp bolmak syýasatyna. Eýranly aýallar üçin “ölüm "ýa-da" hökmany hijap "syýasatyna” diýip, beýanatda aýdylýar.