Nuraý Serikbaý öldürileninden soň, Şymkent polisiýasynyň ýolbaşçylary işden boşadyldy

Nuraý Serikbaý

Gazagystanda 21 ýaşly student Nuraý Serikbaý öldürileninden soň Şymkent polisiýa bölüminiň ýolbaşçylary wezipelerinden boşadyldy.

“Tengrinews” bu habary Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp berdi.

Nuraý Serikbaý 11-nji ýanwarda Şymkentde, pyçak ýaralaryndan aradan çykdy. Iki gün soň onuň bir tanşy, adam öldürmekde güman edilip saklandy.

“Kursiw”, gyzyň garyndaşlaryna salgylanyp, bu erkegiň Serikbaýy öýlenmek üçin 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda alyp gaçandygyny, ýöne gyzyň muňa boýun bolmandygyny we garyndaşlarynyň ony öýlerine alyp gaýdandyklaryny habar berdi. Olar polisiýa ýüz tutdular we ol erkek gyzyň golaýyna barmajakdygyny söz berdi.

Emma ol sözünde durman, gyzy yzarlamagyny dowam etdirdi. Maşgala ýene-de polisiýa we prokuratura ýüz tutdy. Ýöne, merhumyň garyndaşlarynyň tassyklamagyna görä, häkimiýet wekilleri hiç hili reaksiýa bildirmediler.

2025-nji ýylda Gazagystan adamyň yzyna düşülmegini we nikalaşmaga mejbur edilmegini jenaýat hasaplaýan kanunçylygy girizdi.