Rus goşunlary 25-nji dekabra geçilýän gije Odesa sebitindäki senagat we port infrastrukturasyna hüjüm etdiler. Hüjüm netijesinde bir adam öldi, iki adam ýaralandy diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Oleh Kiper habar berdi.
Hüjüm administratiw, önümçilik we ammar binalaryna zyýan ýetirdi.
Odesa häkimiýetleri biraz öň täze, elektrik togunyň adatdan daşary ýagdaýda kesilmeli bolandygyny hem habar beripdiler, ýöne olar muny energiýa infrastrukturasyna edilen öňki hüjümleriň biriniň netijesi zerarly ýüze çykan näsazlyk bilen baglanyşdyrdylar.
Bir gijäniň dowamynda Ukraina Russiýanyň 131 drony hüjüm etdi, Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatyna görä, olaryň 106-sy zyýansyzlandyryldy.
"15 ýerde 22 hüjüm dronunyň uran zarbasy hasaba alyndy" diýlip, beýanatda aýdylýar.