Rus goşunlary 17-nji fewrala geçilýän gije Odesadaky raýat we energiýa infrastrukturasy desgalaryna zarba urdy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Kiper habar berdi.
Onuň sözlerine görä, dronlaryň biri ýaşaýyş jaýynyň ýokarky gatlaryndaky kwartira gelip urdy. Ammar jaýlaryna we hyzmat ediş stansiýasyna urlan zarba iki awtoulagy weýran etdi. Başga bir dron hususy jaýyň golaýyna gaçdy we onuň fasadyna, penjirelerine zyýan ýetirdi, başga bir dron garaž kooperatiwiniň territoriýasyna gaçyp, ýedi garaža we iki awtoulaga zyýan ýetirdi.
Odesa şäher harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysak üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Bir erkek agyr ýagdaýda hassahana äkidildi, beýlekisi bolsa orta derejede ýaralandy. Bir aýala wakanyň bolan ýerinde lukmançylyk kömegi berildi.
Rus goşunlary Sumy sebitiniň Ahtyrka etrabyndaky Kirikow jemgyýetine hüjüm edip, bir adamy öldürdiler, alty adamy, şol sanda iki çagany ýaraladylar.
Prokuraturanyň maglumatyna görä, olaryň arasynda bir maşgalanyň agzalary hem bolup, 68 ýaşly aýal öldürildi, onuň 42 ýaşly ogly, 40 ýaşly gelni we 7 we 15 ýaşly iki ogly ýaralandy.