Russiýanyň Içeri işler ministrligi ozalky aklawçy, oppozisiýa pikirli jemgyýetçilik işgäri we meşhur “YouTube” kanalynyň eýesi Mark Feýgini gözlenýän adamlaryň sanawyna goşdy diýip, "Wýorstka" neşiri Içeri işler ministrliginiň gözleg maglumatlary bazasyna salgylanyp habar berdi.
Gözleg belliginde, adatça bolşy ýaly, Feýginiň haýsy jenaýat maddasy esasynda gözlenilýändigi agzalmaýar.
TASS habar gullugynyň öz çeşmesine salgylanyp ýazmagyna görä, oňa garşy açylan jenaýat işi rus goşuny barada galp diýilýän zatlary ýaýratmak aýyplamasyna esaslanýar.
Şeýle-de, Feýginiň Ilýa Ponomarew tarapyndan döredilen "Halk deputatlarynyň kongresi" oppozisiýa guramasynyň işine gatnaşmakda, Ukrainanyň hatarynda söweşýän "Russiýa azatlygy" legionynyň işlerini "yzygiderli beýan etmekde" günäkärlenýär.
Feýgin telegrammada "munuň garaşylmaýan zat däldigini, hiç bir täzelik bolup bilmejekdigini” aýtdy. Ol Russiýanyň çäginden daşarda ýaşaýar.