Oppozisiýa liderini öldürmekde aýyplanan bendi öz işine gaýtadan seredilmegini soraýar

Rustam Ibragimow. Arhiw suraty

18 ýyl öň oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýuly we onuň iki egindeşini alyp gaçmakda we öldürmekde aýyplanyp, ömürlik tussaglyga höküm edilen Rustam Ibragimow prezidentden öz işine gaýtadan seredilmegini soraýar.

Ol ozal Gazagystanyň saýlama hukuk goraýjy bölüminde işleýärdi we özüniň ýokary derejeli kast edişlige hiç bir baglanyşygynyň bolmandygyny öňe sürýär.

Ibragimowyň aklawçysy Bolat Omarowyň 12-nji fewralda, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, onuň müşderisi prezident Kasym-Žomart Tokaýewe ýazan hatynda öz işiniň gaýtadan seljerilmegini sorady we “Zlobnaýa Tateşka” toparyna beren interwýusynda käbir jikme-jiklikleri aýan etdi.

Ilki başda Sarsenbaýulynyň we onuň iki egindeşiniň 2006-njy ýylyň fewralynda alnyp gaçylmagyny we öldürilmegini gurnamakda bildirilen günäni boýun alan Ibragimow häzir ol adamlaryň öldürilmegini Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň giýewisi, Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy, merhum Rahat Aleýewiň we MHK-niň öňki başlygy Alnur Musaýewiň we Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň öňki işgäriniň gurandygyny aýdýar.