Oppozisiýa mediasyny 'wagyz eden' täjik daýhany 5 ýyl tussaglyga höküm edildi

Hatlon sebitiniň kazyýet binasy

Täjigistanyň Dosti etrabynda ýerleşýän bir fermanyň başlygy hökümete garşy oppozisiýa ýakyn durýan bir web sahypa, "Islah TV" bilen "hyzmatdaşlyk edenligi" üçin bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi.

"Islah TW" programmalaryna tomaşa etmekde we olary wagyz etmekde, şeýle-de Dosti etrabyndaky suw ýetmezçiligi barada hat ýazyp, bu neşire şikaýat etmekde günäkär tapylandan soň, Hatlon sebit kazyýeti 4-nji ýanwarda 60 ýaşly Mahmudjon Bobomurodowa garşy türme tussaglygy hökümini çykardy.