Orsýet bilen Ukraina uruş ýesirlerini 500-500 hasabynda alyş-çalyş edýär

Arhiw suraty

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý Ukraina bilen Russiýanyň harby ýesirleri 500-500 hasabynda alyş-çalyş etjekdigini habar berdi.

"Ženewada gazanylan ylalaşyklaryň çäginde, 5-nji we 6-njy martda Ukraina bilen harby ýesirleriň alyş-çalyşy geçiriler. 500-e 500" diýip, ol telegramda ýazdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi 200 rus harbysynyň 5-nji martda Russiýa gaýdyp gelendigini aýtdy. 6-njy martda 300-e 300 harby ýesiriň alyş-çalyş edilmegi meýilleşdirilýär.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski 200 sany ukrain harby ýesiriniň Ukraina gaýdyp gelendigini habar berdi.

Ol Ukrainanyň hiç kimi ýatdan çykarmaýandygyny aýtdy.

“Ukraina kömek edýän her bir adama minnetdar. Men bu alyş-çalyşy amala aşyrmakda beren goldawy üçin Birleşen Ştatlara minnetdarlyk bildirýärin. Front liniýasynda Ukrainanyň alyş-çalyş gaznasynyň dolmagyny üpjün ähli esgerlerimize minnetdar. Tussaglarymyzyň öýe gaýdyp gelmegi ukrain goragçylarynyň güýjüniň subutnamasydyr" diýip, Zelenski ýazdy.