Orsýet Ukraina ballistik raketa we 111 dron bilen hüjüm etdi

Ukraina golaýda urlan rus zarbalarynyň birinden soňky görnüş. Bezeg suraty d

Rus harbylary Ukraina 30-njy ýanwara geçilýän gije "Iskander-M" ballistik raketasy we 111 hüjüm drony bilen zarba urdy. Pilotsyz uçarlaryň 70-e golaýy "Şahed" dronlarydy.

"Deslapky maglumatlara görä, howa hüjüminden goranyjylar ir sagat 8:00-a çenli duşmanyň 80 sany pilotsyz uçaryny urup gaçyrdy ýa-da togtatdy" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Harbylaryň sözlerine görä, 15 ýerde ballistik raketalaryň we 25 sany hüjümçi dronyň zarbalary, iki ýerde bolsa urlan dronlaryň galyndylarynyň gaçandygy hasaba alyndy.

Orsýetiň harby güýçleri dürli görnüşli ýaraglary ulanyp, Ukrainanyň ähli ýerinde şäherlere, raýat infrastrukturasyna yzygiderli hüjüm edýär. Ukrain häkimiýetleri we halkara guramalary bu hüjümleri Russiýa Federasiýasy tarapyndan edilen uruş jenaýatlary hökmünde häsiýetlendirýärler.

Adamlary elektrik energiýasyndan, ýylylykdan, suw üpjünçiliginden, aragatnaşykdan, lukmançylyk kömeginden we ýaşaýyş üçin beýleki möhüm şertlerden mahrum etmek maksady bilen, ilatyň ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň oka tutulmagy genosid hereketleriniň alamaty bolup durýar.

Russiýanyň ýolbaşçylary rus goşunynyň giň gerimli uruş wagtynda ukrain şäherleriniň we obalarynyň raýat infrastrukturasyny nyşana alýan hüjümleri amala aşyrýandygyny, olaryň parahat adamlary öldürýändigini, hassahanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, energiýa we suw üpjünçiligi desgalaryny weýran edýändigini ret edýärler.