Orsýet Ukrainadaky uruş bilen bagly harby kynçylyklarynyň arasynda Arktikadaky howa goragyny gowşadýar

Ýakynda düşürilen sputnik suratlarynda Orsýetiň demirgazyk sebitindäki möhüm harby merkezleri howa hüjüminden goranyş serişdelerinden mahrum edilen ýaly görünýär, Kreml ýurduň beýleki böleklerinde ýerleşýän ýerleri nyşana alýan Ukrainanyň dron kampaniýasynyň barha artýan zyýanyna garşy durmaga synanyşýar.

AÝ/AR-na elýeterli bolan sputnik suratlary Kremliň bir wagtlar S-300 we S-400 kysymly raketa ulgamlary bilen berk goralýan birnäçe strategiki ýerleriň goragyny başga ýere geçirendigini, şeýlelikde sebitiň howa hüjüminden goranyş sistemasynyň gowşandygyny görkezýär.

Rogaçewo howa menziliniň golaýyndaky raketa bazasynyň 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda edilen suratynda (çepde) köp sanly raketa göteriji ulaglaryň we radarlaryň ýerleşdirilendigini görse bolýar, ikinji surat 2026-njy ýylyň iýul aýynda edildi.

6-njy iýulda düşürilen surat Orsýetiň Arktika sebitindäki Nowaýa Zemlýa arhipelagynda Rogaçewo howa bazasynyň töwereginde 2015-nji ýylyň awgust aýyndan bäri hereket edýän raketa bazasynda howadan goranyş serişdeleriniň köpüsiniň sökülip, aýrylandygyny görkezýär.

Norwegiýanyň Goranyş barlaglary institutynyň professory Kataržina Zysk Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Orsýetiň uzak demirgazygyndan köp howa goranyş serişdeleriniň ýitip gitmeginiň "Orsýetiň goramaly nyşanalary bilen elýeterli raketa atyjylarynyň, tutujylarynyň we tälim alan işgärleriniň arasynda deňagramlylygyň barha artýandygyny" görkezýär diýdi.

Rogaçewo howa bazasynyň günortasynda duran raketa batareýasynyň 2022-nji ýylyň iýulynda (ýokarda) we 2026-njy ýylyň iýulynda düşürilen suratlar.

Zysk uzak wagtlap hereket edýän raketa meýdançalarynyň boşadylmagynyň Orsýetiň strategik meýdançalarynyň indi howa goragyndan doly goragsyzdygyny görkezmeýändigini nygtaýar. Emma ol "bu Orsýetiň [uzak demirgazyk] sebitde uly möçberli hüjümiň boljakdygyny çaklamaýandygyny we kabul ederlikli däl töwekgelçilik döretmezden, ol ýerdäki goragy azaldyp biljekdigini görkezýär" diýip, bilermen aýdýar.

Kiýewiň dron kampaniýasy esasan Orsýetiň Ukraina garşy dowam edýän urşuna gönüden-göni baglanyşykly ýerleri, mysal üçin, bombalaýyş uçuşlary üçin ulanylýan howa meýdançalaryny we basyp alyjy ýurduň energiýa infrastrukturasyny nyşana aldy.

2022-nji ýylyň iýul aýynda (çepde) we 2025-nji ýylyň awgust aýynda Google Earth-de elýeterli bolan suratlarda Rogaçewo bazasynyň golaýyndaky transport ulaglarynyň floty we raketa saklanýan ýer görkezilýär.

Açyk çeşmelere esaslanan derňewler Orsýetiň S-300 we has döwrebap S-400 kysymly howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň takmynan 60 prosentiniň 2022-nji ýylda Ukraina başlan çozuşyndan öň ýerleşdirilen ýerlerinden göçürilendigini çaklaýar. Howa hüjüminden goranyş bölümleri, esasan, Orsýetiň ýadro raketa meýdançalarynyň we strategiki bombalaýjy howa meýdançalarynyň töwereginde ýerleşýär.

Sewerodwinsk şäheriniň golaýyndaky howa goranyş desgasy, onuň raketa ulgamlary 2024-nji ýylyň awgust aýyndan soňky näbelli bir senede aýryldy.

Ak deňziň kenarynda ýerleşýän we Orsýetiň ýadro suwasty gämileriniň gurulýan we abatlanýan ýeri bolan Sewerodwinsk şäherinde strategiki taýdan bu möhüm ýeri goramak üçin onlarça ýyllap ýerleşen howa hüjüminden goranyş ulgamlarynyň duran birnäçe ýeri indi boş galdy.

Soňky suratlar şäheriň töweregindäki goranmak maksatly gurlan ýerlerden iki onluga golaý S-300 we S-400 kysymly ulgamyň ýitip gidendigini görkezýär.

S-400 raketa atyjy ulaglarynyň 2018-nji ýyldaky faýl suraty.

“The Barents Observer” neşiriniň habaryna görä, Sewerodwinskden çykarylan bir raketa ulgamynyň nirededigini S-400 kysymly raketa ulgamynyň komandiriniň söweşde ölmegi bilen baglanyşykda anyklap boldy. Podpolkownik Wladimir Spiridonow 2024-nji ýylyň aprelinde Krymda öldürildi we onuň jesedi jaýlanmak üçin demirgazyk şähere gaýtaryldy.

Howa goranyş ulgamlary demirgazykdan ýitip gidensoň, Ukrainanyň dron hüjümleri üçin has ähtimal nyşanalaryň arasynda başgalary hem peýda boldy.

Aşakdaky suratlarda, boş meýdan we soňra ýokary galdyrylan birnäçe raketa uçuryjy ulaglar görkezilýär, olar Orsýetiň günorta-günbataryndaky Saratow nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň golaýynda düşürildi. Bu ýer 2025-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek dronlar tarapyndan nyşana alyndy. Soňky hepdelerde Moskwadaky şäher seýilgähleri ýaly beýleki ýerler hem S-400 kysymly batareýalary ýerleşdirmek üçin ulanyldy.

Saratow nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň golaýynda howa hüjüminden goranyş batareýasy bilen doldurylan meýdan. Suratlar 2023-nji ýylyň maý aýynda (ýokarda) we 2025-nji ýylyň awgust aýynda düşürildi.

Norwegiýaly analitik Zysk häzirki çaknyşyklaryň "butnaman duran pozisiýalaryň dronlardan we köpçülikleýin hüjümlerden örän ejizdigini" görkezýändigini aýtdy. Emma ol Ukrainadaky uruş gutarsa Orsýetiň howa hüjüminden goranyş sistemalaryny göçürilen ýerlerinden yzyna gaýtarjagy ýa-da Kremliň "has köp ugurly, köp gatly pozisiýany" kabul etjegini belli däl diýýär.