Orsýet Ukrainanyň Dnepropetrowsk, Çernihiw, Sumy sebitlerine zarba urdy

Rus goşunlary 8-nji dekabra geçilýän gije Ukrainanyň Çernihiw, Sumy we Dnepropetrowsk sebitlerine hüjüm edip, bir adamy öldürdi, 15 adamy ýaralady diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugy habar berdi.

Çernihiwde asmandan gaçan dron galyndylary köp kwartiraly jaýyň penjirelerine we gaz geçirijisine zyýan ýetirdi, üç adam ýaralandy, olaryň biri hassahana ýerleşdirildi. Halas edijiler gaz geçirijisindäki ýangyny söndürdiler.

Orsýetiň Sumy sebitiniň Ahtyrka şäherine uran zarbasy dokuz gatly ýaşaýyş jaýynyň ikinji gatyndan bäşinji gatyna çenli aralykdaky kwartiralaryň ýanmagyna sebäp boldy.

"Ýangyn söndürilýän wagtynda halas edijiler 35 ýaşaýjyny ewakuasiýa etdiler. Zyýan çeken jaýlardan ýene ýedi adam, şol sanda bir çaga çykaryldy" diýip, Döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugy habar berdi.

Sumy sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Grigorow Ahtyrkada ýedi adamyň ýaralanandygyny, olaryň ikisiniň ýagdaýynyň ortaça derejededigini habar berdi.

Şeýle-de, ol zarba urlan binanyň uly zyýan çekendigini aýtdy. Howsala signaly berleninden soň, käbir ýaşaýjylar ýerzemine gaçmaga ýetişdi.