Orsýet Ukrainanyň Putiniň rezidensiýasyny nyşana alandygyny aýdyp, ar almak wadasyny berýär

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň prezident Wladimir Putiniň rezidensiýalarynyň birini nyşana alandygyny öňe sürdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň prezident Wladimir Putiniň rezidensiýalarynyň birini nyşana alandygyny öňe sürdi we Moskwanyň ar aljakdygyny, şýele-de, Ukraina garşy alnyp barylýan giň gerimli urşy soňlamak üçin geçirilýän gepleşiklerdäki pozisiýasyna gaýtadan seretjekdigini aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski Kiýewiň Moskwanyň demirgazyk-günbataryndaky Nowgorod sebitinde ýerleşýän rezidensiýany nyşana alandygy barada aýdylýanlary "ýalan" diýip atlandyrdy.

Ol Orsýetiň bu urşy soňlamak boýunça alnyp barylýan ABŞ-Ukraina gepleşiklerine päsgel bermäge hem-de "[Ukrainanyň] paýtagtyna we hökümet binalaryna hüjüm etmek üçin esas taýýarlamaga" synanyşýandygyny öňe sürdi.

Moskwanyň aýdan zatlary barada soralanda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu baradaky habary Putiniň özünden alandygyny we munuň ony "gaty gaharlandyrandygyny" aýtdy.

Tramp 29-njy dekabrda Florida ştatynyň Mar-a-Lago diýen ýerindäki hususy rezidensiýasynda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşanda, Ukrainadaky parahatçylyk gepleşiklerini nazarda tutup, žurnalistlere "Bu örän näzik pursat" diýdi.

Tramp Kiýewiň Orsýetiň harby nyşanalaryna zarba urmak we Orsýetiň ýaragly güýçleriniň ýerüsti we howa hüjümlerini amala aşyrmak ukybyny peseltmek üçin soraýan "Tomahawk" raketalaryny Ukraina bermekden ýüz öwrendigini belledi.

"Hüjüm ediji bolmak bir başga zat, sebäbi olar hüjüm ediji. Onuň öýüne hüjüm etmek bolsa başga zat. Häzir bularyň hiç birini etmek üçin dogry wagt däl" diýip, ABŞ-nyň prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň aýyplamasy Zelenski bilen Trampyň Floridada geçirilen duşuşykda gazanylan ilerleme barada aýdan sözlerinden bir gün soň ýüze çykdy. ABŞ-nyň prezidenti bu duşuşykdan birnäçe sagat öň Putin bilen telefonda gürleşip, dört ýyla golaý dowam eden giň gerimli urşy soňlajak parahatçylyk ylalaşygynyň "hemme wagtdakysyndan ýakyn" bolup biljekdigini aýtdy.

Moskwa özüniň düýpli eglişiklere gelmäge taýyn däldigini yşarat etdi.

Lawrow 29-njy dekabrda Telegramda çap edilen beýanatda bu wakany "terrorçylykly hüjüm" diýip atlandyrdy we Ukrainanyň 91 sany dron ulanandygyny, ýöne olaryň hemmesiniň urlup gaçyrylandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de, ol häzirlikçe ýetirilen zyýan barada hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Lawrow Orsýetiň bu hüjümi jogapsyz goýmajakdygyny, gaýtawul hüjümleri üçin "nyşanalary we wagty" saýlandygyny hem sözüne goşdy.

Lawrow nyşana alnandygy aýdylýan rezidensiýanyň adyny aýtmady, ýöne Nowgorod sebitinde ýerleşýän tokaýlyk ýer, köl ýakasyndaky Waldaý toplumy berk goralýan ýer bolup, 2022-nji ýylda başlanan Ukraina urşundan bäri, beýleki döwlet rezidensiýalaryna garanda, Putin bu ýerde bolmagy has ileri tutýar diýip, “Sistemanyň”, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Orsýet derňew bölüminiň şu ýyl geçiren derňewinde aýdylýar.

Zelenski Lawrowyň aýdan sözlerini "Russiýa Federasiýasynyň ýene bir ýalany" diýip atlandyrdy.

"Bu [Orsýet] babatynda açyk zat, eger biz bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda dawa bolmasa we onuň ýerine ilerleme bolsa, bu olar üçin şowsuzlyk. Sebäbi olar bu urşuň gutarmagyny islemeýärler. Olar ony soňlamaga diňe basyş arkaly mejbur edilip bilner" diýip, Zelenski öz beýanatynda aýtdy.