Orsýetiň uly raketa we dron hüjümi Kiýewi, beýleki şäherleri nyşana alýar

Kiýewe edilen hüjümden soňky görnüş. 2-nji iýun.

Orsýet Ukrainanyň paýtagtyna uly dron we raketa hüjümine tutdy, bir aýdan az wagtyň içinde ikinji gezek edilen uly hüjüm azyndan bäş adamyň ölümine we onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Merkezi Dnepr şäherine urlan zarba 11 adamyň ölümine sebäp boldy.

2-nji iýundaky hüjüm Moskwanyň paýtagta ediljek goşmaça hüjümler, şol sanda Ukrainanyň "karar kabul ediş merkezleri" diýip atlandyrýan ýerlerine uruljak zarbalar barada duýduryş berip, daşary ýurt raýatlaryny we diplomatlaryny şäheri terk etmäge çagyranyndan birnäçe gün soň boldy.

Orsýet öten agşamyň dowamynda 73 raketa we 656 dron bilen hüjüm etdi, Ukrainanyň 38 ýerindäki, hususan-da Kiýewdäki nyşanalara edilen hüjümler hasaba alyndy diýip, Ukrainanyň Howa güýçleri 2-nji iýunda habar berdi.

Kiýewiň şäher häkimi Witaliý Kliçkonyň sözlerine görä, Orsýetiň 2-nji iýunda Kiýewe eden garyşyk hüjüminde azyndan bäş adam öldi we 65 adam, şol sanda çagalar hem ýaralandy.

Ukrain prezidenti Wladimir Zelenski Orsýetiň Ukrainanyň paýtagtyna we beýleki şäherlerine eden ganly hüjümini berk ýazgardy. Bu hüjümler azyndan 16 adamyň ölümine sebäp boldy.

Ol Kiýewe edilen hüjümde "onlarça ýaşaýyş jaýyna we beýleki, diňe raýat infrastrukturasyna" degişli binalara zyýan ýetendigini aýtdy.

"Giň gerimli hüjüm we Orsýetiň doly açyk-aýdyň beýanaty: Eger-de Ukraina ballistik we beýleki raketa hüjümlerinden goralmasa, bu hüjümler dowam eder" diýip, ol X-däki ýazgysynda aýtdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň 2-nji iýunda Orsýetiň içindäki nyşanalara garşy, "terrorçylykly hereketler" diýip atlandyran hereketlerine jogap hökmünde, "uzak aralyk takyk ýaraglary" ulanyp, giň möçberli hüjüm edendigini, Kiýewde we Ukrainanyň beýleki şäherlerinde birnäçe harby desga zarba urandygyny aýtdy.

'Ukrain raýatlaryna garşy terrorçylyk'

Kliçko paýtagtyň birnäçe ýerinde ýaşaýyş jaýlaryna, klinika, ýangyç guýujy stansiýa, awtoulaglara we beýleki infrastruktura desgalaryna zyýan ýetendigini, köp ýangyn, jaý ýumrulma hadysasynyň bolandygyny, köp ýerde elektrik togunyň kesilendigini habar berdi.

"Partlama şeýle bir güýçli boldy welin, harabalykdan syçran zatlar hatda gelip jübime hem girdi we men kwartiramyň açarlaryny zordan tapyp bildim" diýip, hüjüm wagtynda binanyň daşynda bolan Kiýew ýaşaýjysy Serhiý hüjümiň bolan ýerinde Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Biz maşyna münüp, bu ýerden gitjek bolup durduk" diýip, Kiýew şäheriniň başga bir ýaşaýjysy Ýuliýa aýtdy.

"Partlama bizi maşynyň üstüne zyňdy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Bu nähilidir bir ajaýyp gudrat boldy" diýip, ol özüniň we maşgalasynyň hüjümden nädip aman galandygyny suratlandyryp berdi.

"Orsýet ukrain raýatlaryna garşy [amala aşyrýan] terrorçylygyny dowam etdirýär" diýip, Ukrainanyň adam hukuklary boýunça ombudsmeni Dmitriý Lubinets X-däki ýazgysynda aýtdy.

"Dünýä hereket etmeli. Bu hüjümler bes edilmeli. Her bir gijikdirilen gün adamlaryň ölümine sebäp bolýar".

Şeýle-de, rus güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Dnepr şäherine hüjüm edip, azyndan 11 adamy öldürdi, azyndan 37 adamy, şol sanda çagalary ýaralady diýip, ýerli häkimiýetler habar berýärler.

Gyssagly ýagdaýlar gulluklary Dnepriň alty ýaşaýjysynyň dereksiz ýitendigini habar berdiler. Ölenleriň arasynda halas ediji hem bardy.

Dnepr şäheriniň häkimi Boris Filatow "rus monstrlary" ýene bir gezek ilatly ýaşaýyş jaýyna hüjüm edeninden soň, azyndan 49 ýaşaýyş jaýynyň zyýan ýetendigini, olaryň ýedisiniň tas bejerip bolmajak derejede weýran bolandygyny aýtdy.

"Ýigrimi üç adam, şol sanda 13 ýaşly gyz hassahana ýerleşdirildi. Lukmanlar onuň ýagdaýyny ortaça derejede diýip atlandyrdylar. Ýaralananlaryň üçüsiniň ýagdaýy agyr" diýip, gubernator Oleksandr Hanža 2-nji iýunda Telegramda paýlaşan habarynda ýazdy.

"Russiýanyň Dnepre eden hüjümi kiçijik oglanyň ömrüni kesdi. Halas edijiler hüjümde zyýan ýeten dört gatly jaýyň harabalyklaryndan 2023-nji ýylda doglan çaganyň jesedini çykardylar" diýip, ol soňra Telegramdaky ýazgysynda aýtdy.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri Harkowa 2-nji iýun gijesi edilen dron we ballistik raketa hüjümleri netijesinde azyndan alty adam, şol sanda 11 ýaşly gyz ýaralandy, şeýle-de öýlere, awtoulaglara, beýleki binalara zyýan ýetirildi, ýangyn boldy diýip, şäher häkimi Ihor Terehow aýtdy.

"Putin uruş jenaýatçysy we terrordan başga hiç hili karty galmadyk, ýeňlen [adam]" diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sibiha Orsýetiň 2-nji iýundaky hüjüminden soň aýtdy.

"Moskwa söweş meýdanynda ýeňilýär. Bu ýagdaýy hiç bir raketa üýtgedip bilmez" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Sibiha hyzmatdaş ýurtlary Ukraina berilýän harby goldawy güýçlendirmek, täze sanksiýalar we izolýasiýa arkaly Orsýete edilýän basyşy artdyrmak we Ukrainanyň ÝB-ne goşulmak baradaky gepleşiklerini ilerletmek arkaly "hereket etmäge" çagyrdy.

“Moskwadaky terrorçylar özleriniň rehimsiz hüjümleriniň olary hiç ýere eltmejekdigini, öz režimleri üçin tölegiň diňe ýokarlanjakdygyny we Putin üçin ýeke-täk çykalganyň bu urşy derrew bes etmekdigine düşünmelidirler” diýip, Sibiha X-däki ýazgysynda ýazdy.

Orsýetiň Kiýewe salýan howp-hatarlary

Moskwa 24-nji maýda Kiýew sebitine ýüzlerçe dron we, rus resmileriniň täze giperses raketasy hökmünde häsiýetlendiren zady bilen hüjüm edeninden bir gün soň, Orsýetiň Daşary işler ministrligi daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen söhbetdeşlikde Moskwanyň Kiýewdäki ukrain harby merkezlerine we "degişli karar kabul ediş merkezlerine" garşy "ulgamlaýyn we yzygiderli hüjümleri" amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini duýdurandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Lawrow ABŞ raýatlarynyň we diplomatlarynyň Kiýewden çykarylmagyny maslahat berdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň duýduryşyny Kiýewde ýerleşýän daşary ýurt diplomatlaryny we halkara guramalary gorkuzmak üçin niýetlenen "bihaýaçylykly şantaž" hökmünde ýazgardy.

"Orsýet gorky isleýär. Dowul isleýär. Ukrainanyň izolýasiýasyny isleýär" diýip, Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Katarina Maternowa Facebookdaky ýazgysynda aýtdy. "Bu bolmaz."

Orsýet ýokarlanýan haýbatlaryny maý aýynda Orsýetiň basyp alan ýerine, Ukrainanyň Lugansk sebitindäki mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýyna edilen hüjüm bilen esaslandyrdy.

Ýerli resmiler Starobilsk şäherinde 20-den gowrak adamyň ölendigini aýtdylar. Rus häkimiýetleri Ukrainany raýatlaryň ýerleşýän ýerini bilgeşleýin nyşana almakda aýypladylar.

Ukrain harby resmileri öz güýçleriniň Orsýetiň pilotsuz uçarlar bölüminiň ştab-kwartirasyna hüjüm edendigini aýtdylar we raýat desgalarynyň nyşana alnandygy baradaky aýyplamalary ret etdiler.