Orsýetiň ýarag eksporty azalýarka, Merkezi Aziýa ýaraglary başga ýerden satyn alýar

Maý aýynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda geçirilen harby paradda Hindistanda öndürilen "Akash" howa hüjüminden goranmak ulgamlary görkezildi.

Geçen hepde Hindistanyň Goranmak ministrliginiň sekretary Rajeş Kumar Singh Nýu-Deliniň "Akash" howa hüjüminden goranmak ulgamyny Täjigistana we Türkmenistana üstünlikli iberendigini aýtdy.

Bu ylalaşyklar barada şol ýurtlaryň hiç biri köpçülige resmi maglumat bermedik bolsa-da we ulgamlaryň sany, üpjünçiligiň möhletleri hem-de bahalary ýaly jikme-jiklikler gizlin saklanýan bolsa-da, bu söwda Merkezi Aziýanyň iki döwletine ozal olaryň ýarag gorlarynda agdyklyk eden rus ulgamlaryna alternatiwa hödürleýär.

Hindi metbugaty öň Ermenistanyň 2022-nji ýylda takmynan 720 million dollara 15 sany "Akash" ulgamyny sargyt edendigini habar beripdi, ýöne hiç haýsy hökümet bu sany resmi taýdan tassyklamady. "Akash" — uçarlary, dronlary we raketalary ýok etmek üçin niýetlenen, göçürilip bilinýän "ýer-howa" kysymly raketa ulgamydyr.

Sowet döwrüniň tehnikasy

Onýyllyklaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň howa goragy esasan sowet we rus tehnikalaryna daýanyp geldi, tehniki serişdeler, okuw we tehniki hyzmatlar bilen üpjünçilik Moskwa tarapyndan amala aşyrylýardy. Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) ýaly bileleşikler Orsýetiň sebitde howpsuzlygy esasy üpjün ediji hökmündäki ornuny has-da berkitdi.

Oslonyň Parahatçylyk barlag institutynyň (PRIO) ylmy işgäri Pawel Baýew Merkezi Aziýadaky bu täze ýarag söwdasyny Moskwa gönükdirilen aýdyň syýasy signal hökmünde görýär.

"Meniň pikirimçe, bu... hakyky strategiki mümkinçilikler däl-de, belli bir garaýşy ýa-da pozisiýany beýan etmek bilen baglanyşyklydyr" diýip, Baýew aýtdy.

Degişli maglumat

Domino netijesi: Orsýet krizisi Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili täsir edýär?

Täjigistan KHŞG-nyň agzasy bolup durýar we öz çäginde Orsýetiň iri harby bazasyny ýerleşdirýär. Türkmenistan bolsa resmi taýdan bitarapdyr. "Iki ýurt hem Moskwa şeýle bir signal bermäge çalyşýar: onuň güýç görkezmek we režimleriň howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly amala aşyran agdyklygy indi tamamlandy" diýip, Baýew belledi.

Syýasy mazmunyň astynda örän amaly bir mesele hem bar: günbatar ýurtlarynyň sanksiýalary we Ukrainanyň zarbalary sebäpli goranmak senagaty gysyş astynda galan Orsýet, Merkezi Aziýanyň goşunlarynyň daýanýan tehnikalaryny üpjün etmek we olara tehniki hyzmat etmek ukybyny barha ýitirýär. Bütindünýä ýarag söwdasyna gözegçilik edýän Stokgolm Halkara Parahatçylyk Barlag Institutynyň (SIPRI) maglumatlaryna görä, 2016–2020-nji we 2021–2025-nji ýyllar aralygy deňeşdirilende, Russiýanyň ýarag eksporty 64 göterim azalyp, onuň dünýäde ýarag eksportyndaky paýy 21 göterimden 6,8 göterime düşüpdir.

Şeýle-de bolsa, Moskwa ýarag üpjünçiligi boýunça şertnamalary baglaşmagyny dowam etdirýär. Ýanwar aýynda premýer-ministriň birinji orunbasary Denis Manturow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine ýurtda baglaşylan ýarag eksporty şertnamalarynyň umumy möçberiniň rekord derejä — 70 milliard dollara ýetendigini habar berdi; bu görkeziji 2022-nji ýyldan öň 55 milliard dollar bolupdyr. (Manturowyň getiren sanlary hakykatda eltilen ýaraglaryň däl-de, eýsem baglaşylan şertnamalaryň bahasyny aňladýar.)

Gazagystanly harby analitik we awiasiýa goşunlarynyň otstawkadaky polkownigi Ýermek Seitbattalow hökümetleriň Orsýetiň üpjünçilik zynjyrynyň bozulandygyna düşünýändiklerini aýdýar. "Bu ylalaşyklar köplenç harby logika esaslanýar" diýip, ol belledi. "Ýakyn geljekde Orsýetiň bar bolan ýaraglary we ok-därileri abatlamak, tehniki taýdan hyzmat etmek hem-de olary söweşe taýyn ýagdaýda saklamak üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary we beýleki bölekleri üpjün edip bilmejekdigine düşünilýär."

"Mundan başga-da, ýaraglaryň we harby tehnikanyň täze görnüşleriniň üpjün edilmegine garaşmak üçin esas az" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. "Ýöne ýurdy goramak zerurlygy bar."

Seitbattalow şeýle-de täze tehnikany satyn almagyň meseläni çözmegiň diňe bir bölegidigini duýdurdy. "Akash Merkezi Aziýada harby deňagramlylygy üýtgetmez, sebäbi bu ýarag umumy ulgamyň işlemegi üçin zerur serişdeleriň diňe bir bölegidir" diýip, ol aýtdy.

Onuň pikiriçe, howa hüjüminden goranmagyň hakyky ulgamynyň dogry işlemegi üçin onuň töwereginde tutuş infrastruktura — radar ulgamlary, howpsuz maglumat alyş-çalyş kanallary we dolandyryş merkezi — gurulmalydyr.

Köp üpjün ediji – köp mesele

Merkezi Aziýada harby enjamlaryň dürli çeşmelerden satyn alynmagyna geçilmegi täze meseleleri hem döredip biler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goşunlary Orsýetiň we sowet döwrüniň ulgamlaryny Hytaýyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we günbatar ýurtlarynyň enjamlary bilen barha köp utgaşdyrýarlar; bu bolsa özara laýyklyk we integrasiýa bilen baglanyşykly köp sanly kynçylyklary ýüze çykarýar.

Soňky harby dabaralar Merkezi Aziýa goşunlarynyň öz enjamlaryny näderejede dürli çeşmelerden üpjün edýändigini görkezýär.

Türkmenistan 27-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Garaşsyzlyk güni dabarasynda, eýýäm bar bolan Hytaýyň raketa ulgamlaryna goşmaça hökmünde, täze satyn alnan Hytaýyň "FK-2000" howa hüjüminden goranmak ulgamyny görkezdi. Şeýle hem, dabarada Braziliýada öndürilen "A-29 Super Tucano" hüjüm uçary we Italiýada öndürilen "Leonardo M-346" okuw-trenažýor uçarlary görkezildi.

Degişli maglumat

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?

Şol bir wagtyň özünde, Täjigistan Hytaýyň "HQ-17AE" kysymly howa hüjüminden goranmak ulgamyny, şeýle-de goşunlary daşamak we goramak üçin ulanylýan Hytaýyň sowutly ulaglaryny görkezdi. Özbegistan hem Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralarynda Hytaýyň "J-10CE" kysymly söweş uçarlaryny köpçülige görkezdi. Şeýle hem, soňky ýyllarda Gyrgyzystan Türkiýäniň harby dronlarynyň birnäçe görnüşini satyn aldy.

Harby seljeriji Seitbattalowyň bellemegine görä, dürli tehniki standartlar ilki başdan mesele döredýär we dürli ulgamlar "ýeke-täk goranmak gurluşynyň çäginde utgaşykly işläp bilmeýär".

"Ilkinji mesele şundan ybarat bolar: bu ýaraglar we ok-däriler umumy standartlar esasynda ulanylyp bilinmez. Şeýle hem, dürli görnüşli we kategoriýaly ýarag ulgamlaryny ýokary derejede dolandyryp biljek harby hünärmenleri taýýarlamakda kynçylyklary döreder" diýip, ol aýtdy.

Seitbattalow şeýle hem "gorlary döretmek, saklamak, ätiýaçlyk şaýlary we gurallary satyn almak, abatlamak, hyzmat möhletini uzaltmak, döwrebaplaşdyrmak, tehniki hyzmat we ulanmak" bilen baglanyşykly meseleleriň bardygyny belledi.

Hytaýyň täsiri

Eger Orsýet Merkezi Aziýanyň esasy harby üpjün edijisi bolmakdan el çekse, geljekde onuň ornuny kim tutup biler?

"Hytaý, şübhesiz, möhüm hyzmatdaşdyr, ýöne ol hökmürowanlygy gözlemeýär we durnuklylygy berkitmegi maksat edinýär; bu bolsa hökümet režimlerine... gaty amatlydyr" diýip, ylmy-barlagçy professor Baýew aýtdy. SIPRI-niň maglumatlaryna görä, 2016–2020 we 2021–2025-nji ýyllar aralygyndaky döwürler deňeşdirilende, Hytaýyň ýarag eksporty 11 göterim artdy; şol sanda soňky döwürde eksportyň 77 göterimi Aziýa we Okeaniýa sebitlerine gönükdirildi. SIPRI-niň çap eden jemleýji hasabatynda Merkezi Aziýa boýunça anyk san görkezilmeýär.

Şeýle-de bolsa, Baýew Pekin sebitde hökümdar güýç hökmünde Moskwanyň ozalky ornuny aňsatlyk bilen eýelär diýip hasaplamaýar.

Baýewiň pikirine görä, munuň netijesinde Merkezi Aziýada ýarag üpjün ediji ýeke-täk güýjüň bolmazlygy ähtimal. "Köp näbellilikler bar, ýöne belki-de diňe bir anyk jogap bolup biler: Merkezi Aziýanyň indi 'uly dogany' ýok" diýip ol belledi.

Üpjünçilik zynjyryndaky kynçylyklara garamazdan, Orsýetiň Merkezi Aziýa bilen harby gatnaşyklardan ýüz öwürmejegi ähtimal. Iýul aýynda Putin Gazagystan we Özbegistan bilen harby-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklara düzediş girizmek mümkinçiligini göz öňünde tutýan buýruklara gol çekdi; käbir analitikler bu ädimi Moskwanyň öz goranmak senagatynyň belli bir böleklerini Ukrainanyň zarbalaryndan goramak we howpsuz ýere geçirmek synanyşygy hökmünde düşündirdiler.