Täjigistanda ýaşaýan owgan bosgunlary we migrant aýal-gyzlar topary Owganystanyň Duşenbe şäherindäki ilçihanasynyň işiginde toplanyp, “Talybanyň” aýal-gyzlar babatynda girizen iş we okuw gadaganlyklaryna nägileliklerini bildirdi.
Bu çäre geçen hepde, Halkara bilim gününe gabatlanyp geçirildi.
Owgan aýal-gyzlarynyň “Talybana” garşy çykyş edýän toparynyň agzasy Wahid Mahrami Owganystandaky aýal-gyzlaryň hakyky ýagdaýynyň häzirki häkimiýetleriň berýän habarlaryndan has erbetdigini aýtdy.
Raýat işjeňligi üçin azatlykdan mahrum edilen we türmeden boşadylanyndan soň, birnäçe aýlap atylan haýbat we yzarlanmalar netijesinde, Mahrami ahyrynda Täjigistana gaçmagy başardy.
“Men Kabulyň köçelerine çykyp, hukuk, azatlyk, adalat we çörek talaplaryny edip, iki ýyllap göreşdim. Talyplar az haýbat atmadylar. Meni tussag edip, türmä basdylar. Türmede geçiren günlerim agyry-ynjydan, gynamalardan we ejirden doly” diýip, ol aýtdy.
Maşgalasy bilen Täjigistanda gaçybatalga alan Mahrami öz ýurdundaky aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýdýar.