Owganystanda metjide edilen hüjümde ýedi adam öldi

Owganystanyň kartasy

29-njy aprelde Owganystanyň Herat welaýatynda Şaýy metjidine edilen hüjümde ýedi adam öldi.

Media habarlaryna görä, hüjüm welaýatyň Guzereh etrabynyň Zaman metjidinde ýüze çykypdyr.

Heläk bolanlaryň arasynda metjidiň ymamy we bir çaga hem bar.

Hüjüm bilen ilteşikli başga goşmaça maglumat bada-bat elýeterli edilmedi.