Owganystanyň demirgazygynda 5 bal ýertitreme boldy

18-nji fewralda Owganystanyň demirgazygyndaky, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän Balh welaýatynda degişlilikdäki güýçli ýertitreme boldy.

Bäş bal magnitudaly ýer sarsgyny 10 km çuňlukda ýüze çykdy diýip, ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik merkezi habar berdi.

Balhyň ýerli resmileri munuň bilen bagly dörän heläkçilik we weýrançylyklar barada bada-bat maglumatyň ýokdugyny aýtdylar.

Oktýabrda Owganystanyň günbataryndaky Herat welaýatynda 6.3 bala çenli ýer sarsgynlarynyň tolkuny bolupdy. BMG-niň maglumatyna görä, bu sebäpli 1 müň 500 töweregi adam heläk bolupdyr we başga-da 2 müň golaýy şikeslenipdir.