Owganystanyň gündogarynda “Talyban” gyzlaryň ýerli media bilen habarlaşmagyny gadagan etdi

Owgan aýal žurnalistleri (arhiw suraty)

Owganystanyň gündogaryndaky Khost welaýatynda “Talyban” dolandyryjylary aýal-gyzlaryň ýerli tele we radio kanallary bilen habarlaşmagyny gadagan etdi, şeýle-de ýerli media zenanlaryň jaňlaryny kabul etmezlik barada görkezme berdi. Bu barada Owganystanyň Žurnalistler merkezi habar berdi.

“Talybanyň” ýerli howpsuzlyk resmisi munuň sebäbini “ahlaksyz” diýip atlandyran mümkin tejribeleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen düşündiripdir. Onuň bu baradaky haty welaýatyň Maglumat we medeniýet merkezine ýollanypdyr.

Ol käbir ýerli media serişdelerini jemgyýetçilik we bilim gepleşikleriniň üsti bilen, onuň öz sözleri bilen aýdylanda “talaba laýyk däl hereketi” ündemekde aýyplady. Ol bu görkezmä boýun bolmadyk habar serişdeleriniň jogapkärçilige çekilip bilinjekdigi bilen hem haýbat atdy.

“Talyban” gyzlaryň altynjy synpdan soň bilim almagyny gadagan edenden soň, ýurtda medianyň üsti bilen berilýän bilim we jemgyýetçilik gepleşikleriniň ähmiýeti artypdy.