Özbegistan metan ýangyç beketleriniň iş tertibine ýene çäklendirmeleri girizýär

Özbegistanyň ýangyç guýujy bekedi (Illýustrasiýa suraty)

8-nji ýanwardan başlap, Özbegistandaky awtoulag ýangyç guýujy stansiýalary (AGNKS) irden sagat 10:00-dan öýlän sagat 16:00-a çenli aralykda işlär. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrligi habar berdi.

Ministrlik bu çäreleriň özüniň esasy gaz geçirijilerinde basyşyň peselmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Ministrligiň beýanatynda aýdylmagyna görä, basyş peselen mahaly, ýaşaýyş jaýlaryny, jemgyýetçilik ulaglaryny we sosial desgalary tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek ileri tutulýan mesele bolup galýar.

Şunuň bilen baglylykda, metan ýangyç guýujy beketleriniň işi häzirki gaz üpjünçiligi ýagdaýyna, basyş derejesine we sarp edilişiniň möçberlerine esaslanyp, ýerli häkimlikler bilen ylalaşylan tertiplere laýyklykda wagtlaýyn çäklendirilýär.

Özbegistanyň Energetika ministrligi bu çäklendirmeleriň wagtlaýyndygyny nygtady. Häzirki wagtda gazyň basyşyny kadalaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar diýlip, beýanatda bellenýär.

Mundan ozal ministrlik 11-nji dekabrda ýurduň ýaşaýyş jaýlarynda we sosial desgalarynda gazyň basyşynyň peselmeginiň öňüni almak üçin ýangyç guýujy stansiýalaryň işini wagtlaýynça çäklendirjekdigini yglan etdi. Munuň sebäbi Türkmenistanyň gaz geçiriji ulgamyndaky tehniki näsazlyk zerarly import edilýän gazyň möçberiniň azalandygy bilen düşündirilipdi.