Özbegistan Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky raýatlaryny çykarmak çärelerini görýär

Özbek uçary

Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow ulag ministri Ilhom Mahkamowa özbegistanlylary Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Katardan we Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlaryndan çykarmak çärelerini işläp düzmegi tabşyrdy diýip, Gazeta.uz hökümetdäki çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Habarda bellenmegine görä, Ýakyn Gündogara ýolagçy gatnadýan awiakompaniýalaryň ählisiniň bu çärelere gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda “Uzbekistan Airways”, “Centrum Air”, “Qanot Sharq” we “Fly Khywa” bar.

Ýakyn Gündogara uçýan uçarlar ýolagçysyz uçarlar we yzyna mümkin boldugyça köp özbegistanlyny alyp gatmaga çalşarlar.

Özbek häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä, diňe Saud Arabystanynda 1000-den gowrak özbek raýaty Umra, kiçi Haj üçin musulmanlaryň mukaddes ýerlerine zyýarat edýär. Howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy sebäpli, köp özbegistanlynyň BAE-de uçup bilmän galandygy aýdylýar.