Özbegistanda bir kazy we Milli gwardiýanyň baş gözegçisi parada tutuldy

Bezeg suraty

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Nawoýyda bir kazyny we Syrdarýa Milli gwardiýanyň baş gözegçisini para alýan wagtlarynda tussag etdiler diýip, ýurduň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň telegram kanalynda berlen habarda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Nurata sebitiniň 250 sany goýun satan, ýöne puluny alyp bilmedik ýaşaýjysy kömek sorap, şikaýat kazyýetine ýüz tutýar. Kazy onuň meselesini 1 müň dollara çözüp biljekdigini aýdýar. Ol 500 dollar we 6 million 250 müň som para alan wagtynda tussag edildi.

Şeýle-de, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleri, harby prokuratura bilen bilelikde, Milli gwardiýanyň Syrdarýa sebit bölüminiň guramaçylyk we utgaşdyryş bölüminiň baş inspektoryny para alýan wagtynda saklady.

Ol Milli gwardiýa işe girjek ýaşaýjydan 3 müň dollar para sorapdyr. Ol berilmeli puluň ikinji ýarymyny alanda tussag edildi. Işe ýerleşjek raýat paranyň başdaky 1500 dollaryny harby gullukça ozal beripdir.

Para almakda tutulanlara garşy jenaýat işi gozgaldy. Derňew işleri alnyp barylýar.