Özbegistanly erkek Orsýetiň tarapynda Ukraina garşy urşa gatnaşyp, üç ýyl tussaglyga höküm edildi

Bezeg suraty

Bustan etrap jenaýat kazyýeti 38 ýaşly erkegi, ýurduň Jenaýat kodeksiniň 154-nji maddasy esasynda, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. UzNews bu habary kazyýetiň hökümine salgylanyp berdi.

Ýyl kesilen erkegiň ady aýdylmaýar; habarda onuň adynyň baş harplary S. H. diýlip görkezilýär. Iş materiallaryna görä, ol 2025-nji ýylyň aprelinde gazanç etmek üçin Orsýete gidip, iýun aýynda, resminamalarynyň ýoklugy sebäpli, polisiýa tarapyndan tussag edilipdir. Soňra, aýyplanýanyň sözlerine görä, oňa gol çekmelidigi aýdylan resminamalar berlipdir. Olar Ukraina garşy urşa gatnaşmak üçin Orsýetiň Goranmak ministrligi bilen baglaşylmaly şertnama bolup çykypdyr.

Ol şertnama gol çekeninden soň, Donetsk şäherine iberilýär we ol ýerde rus goşunlary üçin getirilen azyk önümlerini ulaglardan düşürmek bilen meşgullanýar.

Habarda aýdylmagyna görä, soň ol Luganska geçirilýär we ol ýerde granaty sökmäge synanyşanda partlama bolup, birnäçe ýerinden ýaralanýar.

Ol oktýabr aýynda, hassahanada bejergi alýan wagty gaçyp, Özbegistana gaýdyp gelipdir.

Habarda, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp aýdylmagyna görä, 2022-nji ýyldan bäri Özbegistanda ýurduň daşyndaky ýaragly hereketlere gatnaşanlygy üçin hakyna tutulmak maddasy boýunça 338 jenaýat işi gozgalypdyr.