Özbegistanyň adalatçysy irki nikalaryň öňüni alýar

Özbegistanyň Çagalar ombudsmeni Suraýo Rahmonowa mekdepde okaýan we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň durmuşa çykarylmagy we irki nika dabaralary barada gowşan habarlaryň yzyny çalyp, Kaşkadarýa sebitiniň Kukdala, Kasbi we Kason etraplaryna sapar etdi diýip, adalatçynyň edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

23-nji dekabrda Kason etrabynyň administrasiýasyna we beýleki guramalaryň wekillerine bir maşgalanyň 18 ýaşy dolmadyk gyzyny durmuşa çykarmak üçin toý tutmaga taýýarlanýandygy barada habar gelip gowuşdy.

Häkimiýetleriň gatyşmaga neitijesinde, bu toý we irki nika bilen bagly ähli dabara goýbolsun edildi.

Çagalar ombudsmeniniň maglumatyna görä, resmi taýdan ýazgy edilmedik nikany dini dessurlar esasynda kanunlaşdyrmaga çalşan dindara çäre görüldi.

“Her etrapda möhüm ýygnaklar geçirildi. Ýerli häkimiýetler munuň näderejede çynlakaýdygyna düşünýärler. ...Sebit häkimi golaýda jogapkär işgärleriň ählisiniň öňünde wezipe goýdy. Köp adama çäre görüldi. Bu proses başlandy. Bu ýerde adamlara kanunyň talaplaryny ýetirmek, olaryň gyzlaryň ykbaly meselesinde asyrlar boýy kemala dünýägaraýşyny üýtgetmek we şol bir wagtyň özünde-de gyzlaryň mundan aňryk hem bilim almaklary üçin hakyky mümkinçilik döretmek möhüm" diýip, Suraýo Rahmonowa Gazeta.uz. neşirine aýtdy.