Özbek daýhanlary ýerleriniň “Hytaý taslamalaryna gurban edilýändigini" aýdýarlar

Andijonda (Özbegistan) daýhanlar ýerleriniň bikanun ýagdaýda alnyp, hytaýly maýadarlara berilmeginden alada bildirýärler (Arhiv suraty)

Özbegistanyň gündogaryndaky Andijon welaýatyndaky dartgynlylyk ýene-de güýçlenýär. Daýhanlaryň aýtmagyna görä, olar ýerlerini ýerli häkimiýetlere “meýletin” tabşyrmaga mejbur edilýär. Bu ekerançylyk ýerleriniň käbiri soňra hytaýly maýadarlara kärendesine berilýär.

Özbek häkimiýetleri ýerleri tabşyrmagyň ählisiniň meýletin we doly kanuny ýagdaýda amala aşyrylýandygyny, ýerleriň daşary ýurtlulara, şol sanda hytaýlylara hem berilmeýändigini aýdýarlar. Emma gündogar Özbegistanda pagta, gök önüm we miwe öndürýän daýhanlar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna ýerli ýolbaşçylaryň özlerini gorkuzyp, gijelerine öýlerine gelip, ýerlerinden ýüz öwürmäge mejbur edýändiklerini gürrüň berýärler.

Özbegistanyň kanunlaryna görä, oba hojalyk ýerleri hususy eýeçilige berilmeýär. Daýhanlar döwlete degişli ýerleri diňe 49 ýyla çenli kärendesine alyp, ol ýerde önüm öndürip bilýärler. Hökümet diňe tölegleriň tölenmedik ýagdaýynda ýa-da ýer meýletin tabşyrylan halatynda, bu şertnamany bozup, olaryň ýerlerini ellerinden alyp bilýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň geçiren derňewi daýhanlar we döwlet işgärleri bilen geçirilen söhbetdeşliklere, şeýle hem resminamalaryň seljermesine esaslanýar. Bu derňew Özbegistanyň gündogaryndaky Fergana jülgesine degişli. Bu sebit Gyrgyzystan we Täjigistan bilen serhetleşýär we gowaçanyň köp ekilýän ýeri hasaplanýar.

Derňew netijeleri ýerli ýolbaşçylaryň hytaýly maýadarlar bilen baglanyşykly taslamalar üçin daýhanlary ulanyp ýören ýerlerinden gysyp çykarmak isleýändigini görkezýär. Olar bu maksada ýetmek üçin gorkuzma we gizlinlik usullaryny ulanýarlar.

“Geldiler, meni we aýalymy zor bilen maşyna mündürdiler. Soň bizi etrap häkimligine alyp gitdiler” diýip, Kurganteppa etrabyndaky öňdebaryjy hojalyklaryň biriniň ýolbaşçysy Zoirjon Gapparow gürrüň berdi. Onuň hojalygy esasan her dürli gök önümleri öndürýär. Ol bu ýagdaýy döwletiň 2024-nji ýylyň dekabrynda başlanan basyş kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi.

“Ilki häkimiň oba hojalygy boýunça orunbasary Şuhrat Kamçiýewiň ýanyna, soňra etrap häkiminiň ýanyna alyp bardylar. Olar bu prezidentiň buýrugy, ýerlerimizi hytaýlylara bermeli diýdiler,” diýip ol aýtdy.

Gapparowyň sözlerine görä, ýerini döwlete tabşyrmak barada arza ýazmaga razy bolmanyndan soň, onuň gowaça meýdanlaryna yzygiderli polisiýa we prokuratura işgärleri gelip başlapdyr. Şeýle-de, polisiýa onuň işgärlerini gorkuzyp, olara ýerleriň bikanun kärendä alnandygy barada düşündiriş ýazdyrmaga synanyşypdyr.

Ol 2025-nji ýylyň sentýabrynda ýerli ýolbaşçylaryň ýanyna baranda, ýeriniň eýýäm başga birine berlendigini aýdypdyrlar.

“Olar maňa indi daýhan däldigimi, ýerimi hytaýlylara berendiklerini aýtdylar” diýip Gapparov ýatlaýar. “Ähli resminamam bar bolsa-da, olar ýok diýdiler.”

Ekerançylyk ýerlerini dolandyrmagyň täze ulgamy

Azatlygyň Özbek gullugy geçen ýyl gündogar Özbegistanda, Andijon welaýatynyň birnäçe etrabynda ekerançylyk ýerleriniň hytaý kompaniýalaryna berilýändigini habar beripdi. 2025-nji ýylyň aprelinde çykan habardan soň, ýerleriň başga tarapa geçirimler wagtlaýynça togtadyldy. Emma hökümetiň basyş usullary, daýhanlaryň aýtmagyna görä, birnäçe aýdan soň gizlin ýagdaýda, täzeden başlandy.

Hytaý häzirki wagtda Özbegistanyň iň uly daşary ýurt maýadary bolup, daşary ýurt kapitalynyň iň uly paýyny we täze taslamalaryň köpüsini serişde bilen üpjün edýär. Şu ýagdaý bilen baglylykda, hytaýlylaryň barha artýan täsiri, hususan-da gymmatly ekerançylyk ýerleriniň ulanylmagynda daşary ýurt maýadarlaryna ileri tutulmagy ýerli daýhanlaryň arasyndaky aladany güýçlendirýär.

Kurgonteppa etrabynyň oba hojalyk bölüminiň ýolbaşçysy Dilmurod Hojaýew (Gapparowyň ýeriniň hytaýlylara beriljekdigini aýdýan ýolbaşçylaryň biri) Azatlyga bu ýerleriň hytaýly maýadarlara kärendesine berlendigini, olara ýer eýeçiliginiň berilmändigini aýtdy.

“Hökümet kararyna laýyklykda, Özbegistanda bir direksiýa döredildi we ýer şol direksiýanyň ygtyýaryna berildi” diýip, ol aýtdy. “Özbek kanunlary ekerançylyk ýerleriniň daşary ýurt raýatlaryna berilmegine rugsat bermeýär.”

Geçen ýyl şol ýerde hytaý kompaniýalarynyň ekin ekip-ekmändigi barada soralanda, Hojaýew olaryň ekin ekendigini boýun aldy.

“Olar ony menden ýa-da etrap häkiminden däl-de, direksiýadan kärendä aldylar. Direksiýa kime islese, ýeri kärendä berip biler. Häkim bu meseläni çözmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň maýynda kabul edilen karary esasynda, bu hili direksiýalar Andijonda we ýene alty welaýatda — Jizzak, Namangan, Daşkent, Fergana, Sirdaryo we Kaşkadarýo sebitlerinde döredildi.

Her biri bäş işgärden ybarat bolan bu direksiýalar ýerleriň netijeli peýdalanylmagyna gözegçilik etmäge we, kanuna laýyklykda, ýerleri ýerli ýa-da daşary ýurtly maýadarlara kärendesine bermäge ygtyýarly edildi.

Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň dekabryna çenli ýurtda daşary ýurt gatnaşygy bolan 17 900 kärhana bolup, olaryň 4 873-si hytaý kapitaly bilen baglanyşykly. Bu ugurdaky ilerleme 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýene 1 500-den gowrak täze hytaý kompaniýasynyň hasaba alynmagy bilen dowam etdirildi.

“Diňe kagyz ýüzünde meýletin”

Beýleki daýhanlar hem Gapparowyňky ýaly ýagdaýlary gürrüň berýärler.

Azizahon Ergaşewa, däne we pagta ösdürip ýetişdirýän “Azizabonu Durdonasi” hojalygynyň ýolbaşçysy Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde polisiýanyň ýarygijeden soň öýünden alyp gidip, 40 gektarlyk gowaça ekýän ýerini “hytaýlylara bermek” barada arza ýazmaga mejbur edilendigini aýtdy.

“Men şol wagt hassadym we örän ýadawdym. Ahyrynda gol çekdim. Bu diňe kagyz ýüzünde ‘meýletin’ boldy” diýip, Ergaşewa aýtdy.

Kurgonteppa etrabynyň oba hojalyk bölüminiň ýolbaşçysy Hojamberdiýew ýerleriň diňe bergili ýa-da önümçilik meýilnamasyny ýerine ýetirip bilmedik daýhanlardan alynýandygyny aýtdy. Ol Ergaşewany hem şol daýhanlaryň biri hökmünde görkezdi.

Emma Ergaşewa bergileriň bilkastdan, emeli ýagdaýda döredilendigini, pagta boýunça mümkin däl kwotalaryň goýlandygyny we etrap häkimligi tarapyndan höweslendirilýän damjalaýyn suwarmak taslamasy bilen baglanyşykly meseleleriň bardygyny aýtdy.

“Olar her gektardan 40 sentner pagta tabşyrmaly diýip, şertnama baglaşmaga mejbur etdiler, emma biziň topragymyz beýle hasyl berip bilmeýär” diýip, Ergaşewa aýdy.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, bir gektardan 40 sentner çig pagta almak häzirki zaman pagtaçylygynda örän ýokary hasyl hasaplanýar.

“Maksada ýetip bilmedik we bergä batdyk. Soňra damjalaýyn suwarmak üçin maslahat berlen firma pulumy alyp, ýok boldy. Bir çukur gazyp gaçdylar. Olary kim maslahat berdi? Etrap häkimligi!” diýip ol aýtdy.

Kurgonteppa etrap Daýhanlar geňeşiniň ýolbaşçysy Orifjon Kaýumow häzirki wagtda alnan ýerlerde hiç hili daşary ýurt maýadarynyň, şol sanda “hytaýlylaryň hem” işlemeýändigini aýtdy.

“Ýer diňe meýletin ýa-da kazyýet karary bilen alynýar. Daýhanlar öz islegi bilen ony ätiýaçlyk fonduna geçirýärler. Welaýat häkimi oba hojalyk direksiýasyny döretdi, indi ýer kanuny taýdan şolaryň elinde. Ýazda näme boljagyny göreris,” diýip Kaýumow aýtdy.

Emma daýhanlar bu sözler bilen ylalaşanoklar: olaryň aýtmagyna görä, hiç hili kazyýet çakylygy bolmady, gol çekdirmek bolsa tussag edilmek haýbaty we polisiýanyň duýdansyz öýlere gelmegi arkaly amala aşyryldy.

Atlarynyň aýdylmagyny islemedik iki daýhan Azatlyga öýlerinden polisiýa bölümine alyp gidendiklerini we, etrap häkimi Alişer Halilowyň gatnaşmagynda, “meýletin” ýüz öwürmek barada arza ýazmaga mejbur edilendiklerini aýtdylar.