Özbek migrantlarynyň Ýewropa arzuwy: wada bilen hakykatyň arasynda

Özbegistanyň millionlarça raýaty daşary ýurtlarda ýaşap we zähmet çekip, gazanan pullaryny watanyna iberýärler.

2024-nji ýylyň ýazynda Moskwanyň "Krokus" şäher zalyndaky terrorçylykly hüjümden soň Russiýa migrasiýa syýasatyny düýpli derejede güýçlendirdi. Uzak ýyllaryň dowamynda bu ýurda iň köp zähmet migrantyny ugradýan Özbegistan bolsa öz raýatlaryny işe ýerleşdirmek üçin täze ugurlary gözläp başlady. Häkimiýetler migrasiýa akymlaryny Ýewropa ýurtlaryna gönükdirmek niýetini mälim etdiler. Olaryň pikirine görä, özbek raýatlary Ýewropada has ýokary aýlyk, has amatly iş şertleri we has ygtybarly hukuk goragyndan peýdalanyp bilerler.

«Bizi aldandyklaryna nägilelik bildirdim. Bu iş berijä ýaramady»

Ýewropada peýda bolan täze mümkinçiliklerden peýdalanmak kararyna gelenleriň biri hem Ferganaly 30 ýaşly Ulugbek boldy.

Ol watanynda ýokary bilim alyp, magistraturany tamamlasa-da, mynasyp aýlykly iş tapyp bilmändi.

«Maşgalamyzda iň uly çaga men. Meniň iki kiçi inim we bir uýam bar. Bizde ulylar kiçilere jogapkär bolýar. Ilki jigilerimiň okuwyna kömek etmeli boldum, soň bolsa olaryň öýleniş çykdajylaryna. 2025-nji ýylda meniň öz maşgalam hem bardy, çagam dünýä indi. Pul juda ýetmezçilik edýärdi, şonuň üçin daşary ýurtda iş gözlemäge işjeň başladym» diýip, Ulugbek gürrüň berýär.

Aldawçylyga sezewar bolmakdan gorkan Ulugbek daşary ýurtda ýokary aýlykly iş wada berýän näbelli adamlara ynanman, resmi ýollar arkaly işe ýerleşmegi makul bildi. Ol Özbegistanyň Daşary zähmet migrasiýasy agentliginiň Telegram kanalyna ýazylýar. Bu edara raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen meşgullanýar.

«Katar, BAE we Kiprde myhmanhana-hyzmat pudagynda hödürlenýän işlere ýüz tutdum. Soňra Slowakiýa barada bir bildirişe gözüm düşdi. Onda awtoulag şaýlaryny öndürýän zawodda iş teklip edilýärdi. Terjimehalymy iberdim, maňa dessine jogap berdiler. Alty aýlyk iş wada etdiler. Geçen ýylyň awgustynda söhbetdeşlikden geçdim, sentýabr aýynda çakylyk geldi. Wizany noýabrda aldym, Slowakiýa bolsa diňe ýanwaryň ahyrynda bardym. Mart aýynda meni işe ýerleşdirdiler. Netijede, bary-ýogy bir aý işledim» diýip, ol aýdýar.

Ulugbegiň sözlerine görä, işden çykarylmagyna sebäp onuň ýüzbe-ýüz bolan iş şertleriniň söhbetdeşlik wagtynda wada berlen şertlerden düýpli tapawutlanmagy bolupdyr.

«Daşkentde menden: “Käwagt günde 12 sagat işlemäge mümkinçiligiňiz barmy?” diýip soradylar. Men: “Bar” diýip jogap berdim. Ýöne işe başlanymdan soň şeýle tertipde her gün işlemeli boljakdygymy bildim. 12 sagatlap aýak üstünde işlemek her kimiň başarýan zady däl. Ýene-de biziň raýatlarymyzy Ýewropa işe iberenlerinde aýdylmaýan bir zat bar: migrasiýa agentligi iş berijiler bilen göni şertnama baglaşmaýar, eýsem araçy agentlikleriň üsti bilen işleýär. Olar migrantyň aýlygynyň 40 göterimini özlerine alýarlar. Gitmezden ozal: “Aýda 2–3 müň ýewro gazanarsyň” diýýärler. Emma ahyrsoňy onuň ýarysyny töleýärler. Bizi aldandyklaryna nägilelik bildirdim. Bu iş berijä ýaramady».

Ulugbek soňra täze iş gözlemäge synanyşdy. Ol Özbegistanyň degişli edarasy bilen Slowakiýadaky iş berijiniň arasynda araçy bolan agentlige ýüz tutdy.

«Ýöne olar meni diňlemek hem islemediler. Biziň Daşary zähmet migrasiýasy agentligimiz bolsa maňa diňe watana dolanmakda kömek edip biljekdigini aýtdy» diýip, ol gürrüň berýär.

Ýewropa näme üçin täze maksat boldy?

Özbegistanda Ulugbek ýaly adamlaryň sany ýüz müňlerçe.

38 milliondan gowrak ilaty bolan Özbegistan Merkezi Aziýada daşary ýurtlara iň köp zähmet migrantlaryny ugradýan ýurt bolmagynda galýar. Her ýyl zähmet bazaryna 600 müňden gowrak ýaş çykýar. Resmi çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli bu görkeziji bir million adama ýeter. Daşary ýurtlarda işleýän özbek raýatlarynyň sany 2–2,5 million adam diýlip hasaplanýar. Bu bolsa ýurduň zähmete ukyply ilatynyň takmynan 10 göterimine deňdir.

Birnäçe ýyl bäri özbekler üçin zähmet migrasiýasynyň esasy ugry Russiýa bolup gelýärdi. Emma migrasiýa syýasatynyň berkidilmegi, ksenofobiýa meýilleriniň artmagy we deportasiýa ýagdaýlarynyň köpelmegi bilen Russiýanyň zähmet bazarynyň özüne çekijiligi ep-esli peseldi.

Şol bir wagtda migrantlaryň pul geçirimleri Özbegistanyň ykdysadyýetine girýän iň möhüm serişdeleriň biri bolmagynda galýar. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, olaryň möçberi 18,9 milliard dollara ýetdi.

Şu ýagdaýlarda häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurtlarda guramaçylykly zähmet bilen üpjün edilmegi üçin täze ugurlary işjeň gözläp başladylar. 2025-nji ýylyň başynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew daşary ýurt zähmet migrasiýasynyň ugurlaryny giňeltmegi, aýratyn hem Ýewropa ýurtlaryna we ABŞ-a has köp üns bermegi tabşyrdy. Öňki ýylyň dowamynda häkimiýetler Britaniýa, Germaniýa, Slowakiýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlarda raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça ylalaşyklar barada habar berdiler. Resmi maglumatlara görä, özbek işçilerini kabul etmäge taýýar ýurtlarynyň sany kyrka golaýlady.

Iş üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklara we köp sanly meseleli ýagdaýlara garamazdan, köp özbekler üçin Ýewropa durnukly girdeji we sosial kepillikleriň nyşany bolmagynda galýar.

Olaryň biri hem Ürgençli 40 ýaşly Utkir bolup durýar.

Gurluşyk meýdançasynda zähmet migrantlary. Ilýustratiw surat.

“Näme bahasyna bolsa-da” Germaniýa

Utkiriň hekaýasy Merkezi Aziýanyň millionlarça ýaşaýjylarynyň ykbalyna meňzeýär: olar 2000-nji ýyllaryň başlarynda Russiýa zähmet üçin gidipdiler.

Ol ilkinji gezek 2004-nji ýylda daşary ýurda çykýar.

“Moskwada howpsuzlyk işgäri bolup işledim, soňra sürüji boldum, aýda 1000–1200 dollar gazanýardym. Şol pul ýaşaýşa hem, maşgala ibermäge hem ýetýärdi. 14 ýyl göz açyp-ýumasy ýaly geçdi” diýip, Utkir gürrüň berýär.

Özbek raýatynyň sözlerine görä, 2017-nji ýylyň ahyrynda ol iş patenti alyp bilmän, watanyna dolanmaga mejbur bolýar. Şeýle hem daşary ýurtlylara bolan gatnaşygyň ýaramazlaşmagy onuň dolanmagyna başga bir sebäp bolýar.

Watanyna gaýdyp geleninden soň, Utkir Özbegistan bilen Russiýanyň arasynda ýolagçy daşamak işi bilen meşgullanyp başlaýar.

“Aýda 1200–1500 dollar gazanýaryn. Emma soňky ýyllarda serhetlerde sorag-idegleriň köpelmegi, birnäçe sagatlap nobatlarda garaşmak meni ýadadyp başlapdy” diýip, ol aýdýar.

Şol döwürde ol başga mümkinçilik gözläp başlaýar.

“Internetde bir bildiriş gördüm. Onda Germaniýanyň özbekleri işe çagyrýandygy, migrasiýa agentliginiň üsti bilen ugradylýandygy aýdylýardy”.

Emma Ýewropadaky işe ýol bildirişde wada berlişi ýaly aňsat bolmady.

“Urgençdäki bölümine ýüz tutdum. O ýerde Daşkentdäki baş edara ýüz tutmalydygyny aýtdylar. Takmynan kyrk gün bäri yza süýräp, garaşdyrýarlar: her gezek jaň edenimde işgär ‘20 gün garaş’, ‘ýene 15 gün garaş’ diýýär. Tanyşlarym işi çaltlaşdyrmak üçin “tanyşlaryň” bolmaly diýýärler”.

Goşmaça kynçylyk hökmünde nemes dilini bilmek talaby hem ýüze çykýar.

“Men diňe ene dilimi we rus dilini bilýärin. Daşary ýurt dillerini bilýän özbekler öz ýurdunyň içinde hem gowy iş tapyp bilýärler” diýip, Utkir aýdýar.

Şeýle-de bolsa, ol maksadyndan ýüz öwürmeýär.

“Maňa wiza çykanyndan soň pul tölemelidigini aýtdylar. Şeýle hem: ‘Uçar petegini özüň tölemeli’ diýdiler. Ýene-de birnäçe ownuk çykdajy boljak diýýärler. Hasaplaryma görä, takmynan iki müň dollar harç etmeli bolýan. Bir tanşym ýaly ýük awtoulagynyň sürüjisi bolup işlemek isleýärin. Ol aýda 2,5 müň ýewro gazanýandygyny aýdýar. Reýs wagtynda awtoulagda ýaşaýar. Jaý üçin çykdajy etmeýär, iýmit üçin hem köp harçlamaýar, sebäbi maşgalasyz gidýäň”.

Wadalar we töwekgelçilikler

Germaniýa migrasiýa ulgamynda Özbegistan bilen strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşan Ýewropa Bileleşiginiň ilkinji ýurtlarynyň biri boldy. 2024-nji ýylyň sentýabrynda Germaniýanyň kansleri Olaf Şolsyň Samarkanda eden saparynyň dowamynda migrasiýa we hereketlilik boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyk gol çekildi. Bu resminama özbek raýatlarynyň Germaniýada işe ýerleşmegini ýeňilleşdirmegi maksat edinýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Germaniýa ulag we logistika, saglygy goraýyş, gurluşyk hem-de senagat pudaklarynda özbek hünärmenleri üçin 50 müňe çenli iş ornuny bölüp bermegi meýilleşdirýär.

Şol bir wagtyň özünde Özbegistandan zähmet migrasiýasynyň geografiýasy eýýäm köpugurly häsiýete eýe. Goňşy Gazagystan her ýyl müňlerçe özbek raýatlaryny işe çekýär. Olaryň köpüsi gurluşykda, abatlaýyş işlerinde, oba hojalygynda we hyzmat ulgamynda işleýär.

Türkiýe hem iň meşhur ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Wizasyz tertip hem-de medeni-dil ýakynlygy sebäpli özbek migrantlary bu ýurtda esasan dokma senagatynda we hyzmat pudagynda zähmet çekýärler.

Günorta Koreýa hem köp ýyllardan bäri Özbegistandan gelen migrantlary önümçilik, oba hojalygy, hyzmat we gurluşyk pudaklaryna işe kabul edýär.

Resmi Daşkent Günbatar ýurtlaryna zähmet migrasiýasynyň giňeldilmegini täze mümkinçilik hökmünde görkezýär. Emma adam hukuklaryny goraýjylar täze bazarlaryň köne meseleleri öz-özünden çözmejekdigini duýdurýarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen zähmet migrantlarynyň hukuklaryny köp ýyllardan bäri goraýan Walentina Çupik Ulugbegiň başdan geçirenleriniň ýeke-täk ýagdaý däldigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, diňe soňky ýylyň dowamynda daşary ýurtlarda işe ýerleşenden soň meňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan 30 töweregi Özbegistan raýaty oňa ýüz tutupdyr.

Hukuk goraýjynyň pikiriçe, esasy meseleleriň biri iş şertleriniň, ýaşaýyş şertleriniň we hak töleginiň köplenç migrantlara öňünden döredilen garaşmalara laýyk gelmezligidir.

«Zähmet migrantlaryna kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryna degişli hukuklaryň hem degişli edilmegi barada ylalaşyga gelmeli. Şonda olaryň aýlygy adalatly bolar. Olardan artykmaç tölegler alynmaz. Şeýle-de, olar üçin iň arzan bolsa-da, ýeterlik derejedäki ätiýaçlandyryş üpjün ediler. Esasy mesele dogry gepleşik geçirmegi, kabul edýän ýurduň şertlerine düşünmegi başarmakdyr. Emma özbek resmileri şertnama baglaşmak üçin köplenç ýaşaýyş şertlerine doly düşünmän, zähmet haklaryny emeli taýdan peseltmäge-de razy bolýarlar. Özbegistanlylaryň aýlygynyň şol ýurtdaky ortaça aýlykdan pes bolmagy barada ylalaşýarlar» diýip, Çupik aýdýar.

Mysal hökmünde ol ABŞ-nyň oba hojalygynda iş bilen üpjün etmek maksatnamalaryny görkezýär.

«Aýda 3200 dollar. Şeýle pula olar aç gezer. Iş beriji tarapyndan tutulýan dürli tölegler takmynan 40 göterime barabar bolar. 2,5 müň dollar töweregi pul galar. Üç adam bolup arzan ýaşaýyş jaýyny kärendesine alsalar-da, hersine aýda 700–750 dollar çykdajy düşer. Iýmit üçin 600–650 dollar, aragatnaşyk hyzmatlary üçin bolsa ýene 100 dollar sarp etmeli bolar. Hudaý saklasyn, lukmana ýüz tutmaly bolsa, diňe kabul edişiň özi 150 dollara düşýär. Şeýle ýagdaýda adam iň gowy ýagdaýda öýüne 150 dollar töweregi iberip biler. Iň erbet ýagdaýda bolsa, gazanjy diňe öz ýaşaýşyna ýeter. ABŞ-nyň oba hojalygynda kadaly aýlyk 5,5 müň dollar töweregidir» diýip, hukuk goraýjy belleýär.

Britaniýadaky wagtlaýyn ýaşaýyş jaýynyň penjiresindäki Özbegistanyň baýdagy. Zähmet migrantlarynyň köpüsi şeýle jaýlarda bäş-alty adam bolup ýaşaýar. 2022-nji ýylyň awgusty.

Adam hukuklaryny goraýan guramalary alada goýýan meseleleriň biri hem häkimiýetleriň guramaçylykly zähmet migrasiýasynyň täze ugurlary baradaky beýanatlarydyr. 2025-nji ýylyň ýanwarynda Özbegistan 2030-njy ýyla çenli 50 müňe çenli raýatyny Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna (Şwesiýa, Daniýa we Norwegiýa) işe ýerleşdirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi.

Emma Fransiýada ýerleşýän «Merkezi Aziýada Adam Hukuklary» assosiasiýasy (AHRCA) bu maglumatlaryň ygtybarlylygyna şübhe bildirdi.

Guramanyň wekilleri Norwegiýanyň Zähmet we inklýuziýa ministrliginden alnan resmi jogabyň özlerinde bardygyny, onda bolsa Özbegistandan zähmet migrantlaryny kabul etmek boýunça ylalaşyklaryň bardygynyň tassyklanmaýandygyny aýtdylar.

Assosiasiýanyň ýolbaşçysy Nadežda Ataýewanyň pikirine görä, şeýle beýanatlar raýatlarda ýalan umytlary döredip, olary töwekgelçilikli kararlary kabul etmäge iterip biler.

Onuň sözlerine görä, migrantlaryň işe ýerleşmek, resminamalary taýýarlamak we araçy hyzmatlary üçin töleg tölemäge mejbur edilmegi aýratyn howp döredýär.

«Bu ýagdaý bergi garaşlylygyna getirýär we aslynda mejbury zähmet üçin şertleri döredýär. Islendik zähmet migrasiýasy maksatnamasy işgärlerden şeýle tölegleriň alynmagyny açyk gadagan etmelidir. Özbegistanyň raýaty ýurtdan çykmazdan ozal özüne düşnükli dilde taýýarlanan zähmet şertnamasyny almaly. Onda iş beriji, zähmet haky, ýaşaýyş şertleri, lukmançylyk ätiýaçlandyryşy we şikaýat etmek tertibi görkezilmelidir. Şeýle-de, zähmet migrantlary üçin ynam telefonynyň bolmagy zerur. Bu özbek raýatlaryna hukuk giňişliginde galmaga mümkinçilik berer» diýip, hukuk goraýjy hasap edýär.

AHRCA Özbegistanyň häkimiýetlerini Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynda özbek raýatlaryny işe ýerleşdirmek baradaky beýanatlaryň haýsy resminamalara esaslanýandygyny düşündirmäge çagyrdy. Şeýle hem gurama Şwesiýa, Daniýa we Norwegiýanyň häkimiýetleri bilen gol çekilen ylalaşyklaryň ýa-da resmi gepleşikleriň bardygy barada maglumat berilmegini talap etdi.

«Kabul edýän ýurtlaryň ygtyýarly edaralary tarapyndan resmi tassyknama alynýança, Özbegistanyň raýatlaryny Norwegiýa we Demirgazyk Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna işe ibermek baradaky maglumatlar raýatlary işe ýerleşdiriş maksatnamalaryna çekmek, resminamalary ýygnamak, pul serişdelerini toplamak ýa-da haýsydyr bir borçnamalary baglaşmak üçin esas hökmünde ulanylmaly däldir» diýip, guramada mälim etdiler.

Talyp wizasy — iş wizasynyň ornuna

Emma ne býurokratik kynçylyklar, ne-de hukuk goraýjylaryň duýduryşlary özbekleriň Ýewropa bolan gyzyklanmasyny azaldýar.

Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň iş wizasyny almak aňsat däl. Munuň üçin dalaşgär ilki iş beriji tapmaly, resmi çakylyk almaly, iş rugsadyny resmileşdirmeli we milli wiza almak tertibinden geçmeli bolýar. Bu iş birnäçe aý dowam edip bilýär we köplenç ret jogaby bilen tamamlanýar.

Şonuň üçin köp adam Ýewropa barmagyň başga ýollaryny gözleýär.

Şol ýollaryň biri talyp wizasyny almakdyr. Bu tejribe barada Pragada köp ýyllardan bäri ýaşaýan we taksi sürüjisi bolup işleýän özbegistanly Sardor Azattyk Aziýa gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaş özbekleriň köpüsi üçin okuw esasy maksat däl-de, ýurda kanuny taýdan girmegiň we zähmet bazaryna çykmagyň usulyna öwrülipdir.

«Köp özbek ýaşlary Çehiýadaky ýokary okuw jaýlarynda ýa-da haýsydyr bir dil kurslarynda okamak üçin töleg töleýär, talyp wizasyny alyp ýurda gelýär we işe ýerleşýär. Olaryň diňe 10–20 göterimi sapaklara gatnaýar» diýip, Sardor gürrüň berýär.

Sardoryň aýtmagyna görä, dil kurslarynyň bir ýyly takmynan üç müň dollara düşýär.

«Eger ertirden agşama çenli işleseler, bu çykdajyny bir aýda ýapýarlar. Galan on bir aýda bolsa özleri üçin gazanýarlar. Okuwyň ahyrynda synaglary tabşyryp bilmeýärler, programmany gaýtadan geçmäge galýarlar we talyp wizasyny uzaldyp, şol wiza bilen işlemeklerini dowam etdirýärler» diýip, söhbetdeş gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, resmi taýdan talyplara diňe çäkli sagatlarda işlemäge rugsat berilýär. Emma iş ýüzünde bu talaplaryň ýerine ýetirilişine hemişe berk gözegçilik edilmeýär.

«Polisiýa olary saklap, resminamalaryny barlaýar we goýberýär. Olar talyplaryň işlemegine oňyn garaýarlar» diýip, ol aýdýar.

Soňky ýyllarda Özbegistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň raýatlary Ýewropada ýük ulaglarynyň sürüjisi bolup işlemäge has köp ugraýarlar.

Çehiýada özbek migrantlarynyň arasynda iň meşhur kärleriň biri hem taksi sürüjiligidir.

“Öňler biziň ýigitlerimiz günde 6–8 sagat işläp, gowy pul gazanyp bilýärdiler, emma Çehiýa ukrain bosgunlary gelenden soň, bäsdeşlik ýüze çykdy. Şonuň üçin indi günde 12 sagat işlemäge mejbur bolýarys” diýip, Sardor gürrüň berýär.

Şol bir wagtyň özünde girdeji derejesi migrantlar üçin Ýewropanyň özüne çekijiliginiň esasy sebäbi bolmagynda galýar.

“Migrantlar 5–6 adam bolup bir kwartira kireýine alýarlar, olaryň her biri 300 dollar töleýär. Bir adam üçin iýmit çykdajylary bolsa aýda ýene takmynan 300 dollara barabar bolýar. Salgyt tölemeýärler. Takside işleýän sürüji hepdede takmynan 30 müň kron (takmynan 500 dollar) gazanýar, şondan 500–1000 kron ony işe alan firma töleýär. Galan pul bolsa onuň özünde galýar” diýip, Sardor aýdýar.

Ferganaly Ulugbek Ýewropada iş tapmak synanyşyklaryndan ýüz öwürdi. Häzir ol Türkiýede bolup, durmuşyny täzeden gurmaga synanyşýar.

Urgençli Utkir bolsa umydyny heniz ýitirmedi. Ol häzirem resmi kanallar arkaly daşary ýurda gitmäge umyt edýär.

“Men Germaniýa zähmet üçin gitmek üçin islendik pul tölemäge taýýar. Meniň pikrimçe, birnäçe aýyň içinde gitmek üçin eden çykdajylarymy yzyna gazanyp bilerin” diýip, ol aýdýar.