Pakistan DIM-i ABŞ, Eýran parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge taýýarlanýar

ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy harby operasiýa başlady.

Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar ýurduň “ýakyn wagtda” ABŞ bilen Eýranyň arasynda parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge taýýarlanýandygyny aýtdy diýip, "Roýters" ýazýar. Şol bir wagtda, ABŞ bilen Eýranyň bu gepleşiklere gatnaşmaga razy bolup-bolmandygy heniz belli däl.

Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif mundan öň 28-nji mart güni irden, Yslamabatdaky gepleşiklere taýýarlygyň çäginde, öz "dogany, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefonda bir sagatdan gowrak jikme-jik gürrüň edendigini" aýtdy.

Mundan öň Yslamabatda Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we Müsüriň daşary işler ministrlikleriniň diplomatlarynyň arasynda gepleşik geçirildi. Olar Ýakyn Gündogar konfliktini parahatçylykly ýol bilen çözmek meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful 27-nji martda ABŞ bilen Eýranyň Pakistanda "gaty ýakyn wagtda" göni duşuşmagyna garaşýandygyny aýtdy, ýöne bu maglumatyň çeşmesini açmady.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 29-njy martda Tähranyň, hamala, ABŞ-nyň parahatçylyk ylalaşygy boýunça bellän 15 punktunyň köpüsine razy bolandygyny aýtdy.

"Washington Post" gazeti biraz öň ady aýdylmaýan ýokary derejeli resmilere salgylanyp, ABŞ-nyň ähtimal bolan ýerüsti operasiýa taýýarlaýandygyny habar berdi.