Pakistanyň liderleri Eýran bilen dörän dartgynlylyklary seljerýärler – ministr

Pakistanyň wagtlaýyn premýer-ministri Anwaar ul Hak Kakar Milli Howpsuzlyk Komitetiniň mejlisine ýolbaşçylyk eder.

19-njy ýanwarda Pakistanyň ýokary derejeli raýat we harby liderleri goňşy Eýran bilen dörän dartgynly ýagdaýlary seljererler diýip, maglumat ministri habar berdi. Bu taraplaryň birek-biregine dronlar we raketalar bilen eden hüjümlerinden soň amal edilýär.

18-nji ýanwarda Pakistan Eýranyň içindäki separatist jeňçilere garşy zarba urdy. Bu mundan iki gün öň Tähranyň Pakistanyň territoriýasynda beýleki bir toparyň bazasyny nyşana alandygy baradaky beýanatyna jogap hökmünde edildi.

Pakistanyň wagtlaýyn premýer-ministri Anwaar ul Hak Kakar Milli Howpsuzlyk Komitetiniň mejlisine ýolbaşçylyk eder.