Los Anjelesde Amerikan kino akademiýasynyň “Oskar” baýragynyň 98-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi.
“Iň gowy çeper film” baýragyna Pol Tomas Andersonyň režissýorlyk eden “Söweşden söweşe” atly filmi mynasyp boldy. Şeýle-de, bu film “Iň gowy montaž” we “Iň gowy aktýor seçmek” ugrundaky baýraklaryny gazandy. Pol Tomas Anderson “Iň gowy režissýor” we “Iň gowy adaptasiýa edilen ssenariý” baýraklaryny, Şon Penn bolsa “Iň gowy ikinji derejeli aktýor” baýragyny gazandy.
Amerikaly režissýor Deýwid Borenşteýniň we Uralyň Karabaş şäherinden bolan mugallym Pawel Talankiniň režissýorlyk eden "Jenap Hiçkim Putine garşy" filmi "Iň gowy dokumental film" baýragyna mynasyp boldy.
"Biz dört ýyl bäri ýyldyzly asmana seredip, iň möhüm arzuwy edýäris. Bu örän möhüm arzuw. Emma ýyldyzlaryň synmagynyň ýerine asmandan bomba ýagýan we dronlaryň uçýan ýurtlary bar. Geljegimiziň hatyrasyna, ähli çagalarymyzyň hatyrasyna bar urşy bes edeliň. Häziriň özünde" diýip, Talankin baýrak gowşurylyş dabarasynda aýtdy.
Bu film ozal Britaniýanyň Kino we Telewideniýe Sungatlary Akademiýasynyň (BAFTA) baýragyna mynasyp bolupdy.
Jenap Hiçkim Putine garşy