Anneksiýa edilen Kryma urlan pilotsyz uçar zarbalary netijesinde Feodosiýadaky nebit ammarynda ýangyn turdy.
Anneksiýa edilen Krymyň Russiýa tarapyndan bellenen "başlygy" Sergeý Aksýonow zarba urlandygyny tassyklady.
"[Zarba] netijesinde ýangyn turdy. Häzirki wagtda ejir çekenler barada maglumat ýok. Degişli gulluklaryň ählisi eýýäm wakanyň bolan ýerinde" diýip, ol ýazdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ýarym adanyň üstünde 40 sany ukrain pilotsyz uçarynyň urlandygyny habar berdi.