Pol Kapur Döwlet sekretarynyň Günorta we MA meseleleri boýunça kömekçisi wezipesine bellendi

Pol Kapur

Pol Kapur döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi wezipesine resmi taýdan girişdi.

Resmi kasam kabul ediş dabarasy 23-nji oktýabrda, irden geçirildi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosy X ulgamynda (öňki Twitter) habar berdi.

Kapur bu wezipäni 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2025-nji ýylyň ýanwaryna çenli eýelän Donald Lunyň ornuna geldi. Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosy ABŞ-nyň sebitdäki howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk, terrorçylyga garşy göreş we infrastrukturany ösdürmek syýasatlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.