Poroşenko, Putin gepleşik geçirdiler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Minskde geçirilen sammitde Ukrainanyň gündogaryndaky krizis boýunça gepleşik geçirdiler. Poroşenko žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda ähli taraplaryň Kiýewiň söweşleri togtatmak barada parahatçylyk tekliplerini “biragyzdan” goldandygyny aýtdy. Putin Orsýetiň, eger başlanan ýagdaýynda “bu parahatçylyk prosesi goldamak üçin elinden geleni etjekdigini” aýtdy, emma ok atyşygyň bes edilmeginiň şertlerini gozgalaňçylar bilen gepleşmegiň Kiýewe baglydygyny aýtdy.