Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny aýtdy. Ol bu barada 23-nji martda geçirilen hökümet maslahatynyň dowamynda mälim etdi.
Bu ozal ýazyjylyk we şahyrlyk ukyby barada eşidilmedik Berdimuhamedowyň soňky üç aýda öz adyndan çykaran ikinji kitabydyr. Ol geçen dekabrda ýurduň ýaşlaryna bagyşlap ýazan ilkinji kitabynyň çapdan çykandygyny hem aýdypdy.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, ýurtda döwlet baştutanlarynyň ýazandygy aýdylýan kitaplaryň çapdan çykmagy we onuň döwlet derejesinde propaganda edilmegi adaty tejribä öwrüldi.
Türkmenistanda häzirki döwlet baştutanynyň kakasy, Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň, onuň 60-a golaý kitaby çapdan çykdy. Bu kitaplaryň käbiri birden üç dilde çap edildi.
Munuň bilen bir wagtda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan çap edilen kitaplar okuw programmalaryndan we wagyz çärelerinden ‘gysylyp çykaryldy’.