Prezident Tokaýew gazak dilinde köp ulanylyp başlan arap sözlerini sorag astyna alýar

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gazak dilinde öňden ulanylyp gelýän sözleriň ýerine arap sözleriniň barha köp ulanylýandygyna ünsi çekdi diýip, “Tengrinews.kz” habar berýär

Döwlet baştutany Halkara “Gazak dili” jemgyýetiniň Astanada geçirilen 10-njy gurultaýynda çykyş edip, gazak diliniň ösüşi we goralyp saklanmagy barada gürrüň etdi.

"Soňky döwürde din bilen baglanyşykly gadymy sözlerimiziň ýerine arap sözlerini ulanmak moda boldy" diýip, prezident bu ýagdaýyň sorag döredýändigini aýtdy.

Tokaýewiň sözlerine görä, bu hili meseleler alymlaryň we dilçileriň gatnaşmagynda, professional derejede ara alnyp maslahatlaşylsa gowy bolardy.

Prezidentiň çykyşyndan soň, onuň aýdan sözleri sosial ulgamlarda anyk mysallar - "inşaallah" we "alhamdulillah" ýaly arap sözleri bilen baglanyşdyrylyp başlandy we bu sözlere derek gazak dilinde öňden ulanylyp gelinýän "Hudaý hаlаsа" we "Hudaýa şükür" sözleriniň ulanylmagy teklip edildi.

Ýöne Tokaýewiň eden çykyşynda bu dört söz agzalmady. Ol arap sözleriniň öňkülerine garanda köp ulanylmagy barada umumy gürrüň etdi we bu hili zerurlygyň bolup-bolmandygyny sorag astyna aldy.

Şeýle-de, prezident gazak dilinde emeli, ýasalan sözleriň döredilmegi barada aýratyn durup geçdi.

Tokaýewiň pikiriçe, bu hili dil meseleleri duýgy esasynda däl-de, professional ýagdaýda, alymlar we hünärmenler tarapyndan çözülmeli.

Şeýle-de, prezident dil bilimi üçin umumy we elýeterli sanly ulgamy işläp düzmegi teklip etdi.