Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) rus hakyna tutma söweşijileriniň lideri Ýewgeniý Prigožine garşy açan jenaýat işi dowam etdirilýär, ol ýaragly gozgalaň gurnamak aýyplamasy esasynda derňelýär diýip, "Kommersant" gazeti ady aýdylmadyk çeşmä salgylanyp habar berdi.
Prigožine garşy gozgalan jenaýat işi 23-nji iýunda, ol öz söweşijilerine harby ýolbaşçylyk edip, Russiýanyň Ukrainadaky uruş tagallalaryny gowşadýan gorkak adamlara garşy "adalat ýörişine" başlaýandygyny yglan edeninden soň başlandy.
Ýöne soň, ylalaşygyň bir bölegi hökmünde, Kremliň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, pitneçilere garşy bildirilýän jenaýat aýyplamalary ýatyryldy we hakyna tutma söweşijileriň öz lagerlerine dolanýandygy, Prigožiniň Belarusa gidýändigi habar berildi.