Prokurorlar kazyýetden AÝ/AR-nyň žurnalisti Alsu Kurmaşewany tussaglykda saklamagy soraýarlar

Alsu Kurmaşewa

Rus prokurorlary 20-nji oktýabrda geçiriljek kazyýet mejlisinde kazydan AÝ/AR-nyň tussag edilen žurnalisti Alsu Kurmaşewany tussaglykda saklamagyny sorar diýip, “Roýters” kazyýetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başkyr gullugynda işleýän we ABŞ hem-de Russiýa pasportlaryna eýe bolan Kurmaşewa 20-nji maýda Russiýa gireninden soň daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazlykda aýyplanyp saklandy.

Degişli maglumat AÝ/AR, CPJ Russiýada tussag edilen žurnalistiň derrew boşadylmagyna çagyrýar