Birnäçe hepdä çeken köpçülikleýin protestlere we Birleşen Ştatlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň bu ädiminiň Kawkaz ýurdunyň Demirgazyk-Atlantik integrasiýasyna tarap barýan ýoluna howp salýandygy baradaky duýduryşlaryna garamazdan, Gürjüstanyň parlament spikeri Şalwa Papuaşwili bölüji "daşary ýurt agenti" kanunyna gol çekdi.
Gürjüstanyň Günbatara tarapdar prezidenti Salome Zurabişwili geçen aý kabul edilen kanuna weto goýdy we parlament ses berişligi öz gadaganlygyny ýatyranyndan soň, ony tassyklamakdan ýüz öwürdi.
Gürjüstanyň konstitusiýasyna görä, prezident kanun çykaryjylaryň kabul eden kanunyny goldamasa, ol kanun mejlisiň başlygy tarapyndan tassyklanyp bilinýär.
Kremliň başgaça pikirlileri gysmak we demokratik oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin ulanýan kanunyna meňzeşlikde tankyt edilen kanun maliýe serişdeleriniň 20 prosentde goragyny daşary ýurt çeşmelerinden alýan raýat jemgyýeti we metbugat guramalarynyň gözegçilige boýun egmegini talap edýär.
"Duýgular sowaşdy we radikal oppozisiýanyň protestlerine goşulan raýatlaryň köpüsi hakykatda eýýäm aç-açanlyk kanunynyň hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we olaryň maliýeleşdirijileriniň jogapkärçiligini we hasabat berijiligini ýokarlandyrjakdygyny, syýasy ulgamy gowulaşdyrjakdygyny, dezinformasiýany gowşatjakdygyny, radikalizmi we polýarizaziýany azaltjakdygyny görkezdi" diýip, Papuaşwili 3-nji iýunda parlamentde guralan brifingde eden çykyşynda aýtdy.
Papuaşwili gol çekeninden soň, kanuny duruma eýe bolmazyndan öň, bu kanun Gürjüstanyň Kanunçylyk Gazetinde çap edilmeli.
Tankytçylar bu kanunçylygyň Russiýa dostlukly garaýan gürji tüçjary Bidzina Iwanişwili tarapyndan döredilen “Gürjüstan arzuwy” tarapyndan hödürlenilendigini we Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik arzuwlary babatynda möhüm hasaplanýan oktýabr saýlawlarynyň öňüsyrasynda, partiýanyň häkimiýet başynda bolmak mümkinçiligini berkitmek üçin zerur hasaplanylandygyny aýdýarlar.
Parliament ses berişliginde wetosy 84 kanun çykaryjynyň goldamagynda, 4 deputatyň garşy durmagyna ýatyrylan Zurabişwili gürjüstanlylary oktýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin güýç toplamaga çagyrdy.
Gürjüstanyň raýat jemgyýeti indi ençeme ýyl bäri ýurdy Günorta Osetiýada we Abhaziýada müňlerçe esgerini saklaýan Russiýanyň täsirinden daşlaşdyrmaga synanyşýar. 2008-nji ýylda Tbilisi bilen bolan bäş günlük uruşdan soň Moskwa Gürjüstanyň bu iki sebitini garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi.
Gürjüstan dekabr aýynda ÝB-ne dalaşgär statusyny aldy, ýöne Tbilisi entek hakyky, birnäçe ýyllap dowam edip biljek goşulmak gepleşiklerine başlamady. Mundan öň bu gepleşikleriň şu ýylyň ahyrynda başlanmagyna umyt bardy, ýöne Brýussel "daşary ýurt agenti" kanunynyň Ýewropa tarap ugur alynmagyna wehim saljakdygyny duýdurdy.
"Gürjüstan arzuwy" günbatar institutlaryna goşulmak isleýändigini we bu kanunyň diňe jemgyýetçilik guramalarynyň maliýeleşdirmeginde aç-açanlygy ýokarlandyrmak üçin niýetlenendigini aýdyp, aýak depdi.
Günbatar hökümetleri we guramalary berk beýanat çap edip, bu kanun güýje giren ýagdaýynda “Gürjüstan arzuwy” hökümetine Tbilisiniň ÝB ýolunyň petiklenjekdigini duýdurdylar.
Premýer-ministr we “Gürjüstanyň arzuwynyň” başlygy Irakli Kobakhidze, Iwanişwili we beýleki ýaranlar bilelikde bu kanun taslamasyna bildirilen garşylykda oppozisiýany günäkärläp, 31-nji maýda ABŞ, Tbilisiniň esasy günbatar goldawçysy bilen aradaky gatnaşyklara gaýatdan seretmäge çagyrandygyny aýtdy.
Bu kanun taslamasyna garşy birnäçe hepdeläp geçirilen demonstrasiýalarda ýüzlerçe adam tussag edildi. Demonstrasiýa wagtynda tussag edilen, käbiri göz ýaşardyjy gaz, suw toplary we rezin oklar bilen ýaralanan opponentler, žurnalistler jenaýat aýyplamalary esasynda ençeme ýyl azatlykdan mahrum edilip bilner.
2-nji iýun güni giçlik müňlerçe adam Tbiliside öz nägileliklerini bildirmek we ozalky protestlerde tussag edilenlere pul ýygnamak maksady bilen guralan konserte ýygnandy.
Bu çärede ýygnan pul "Gürjüstana bolan söýgüsi üçin jezalandyrylan ýoldaşlarymyza" kömek etmek üçin niýetlendi” diýip, olaryň wideo beýanatynda aýdylýar.
Gürjüstanyň oppozisiýadaky “Birleşen Milli Hereketi” bir gün öň öňki agşam özleriniň Tbilisidäki ofislerine maska geýen onlarça adamyň hüjüm edilendigini, aýnalaryň döwlendigini we enjamlaryň zaýalanandygyny aýtdy.