Interpolyň gözleg bazasyndan 'Pussy Riot' toparynyň agzasy Aýsoltan Niýazowanyň maglumatlary aýryldy. Bu barada onuň özi "Nowaýa gazeta Ýewropa" neşirine mälim etdi, emma jikme-jiklikleri açmady.
Türkmenistanyň häkimiýetleri Niýazowany 2002-nji ýylda ýurduň Merkezi bankyndan 40 million dollara golaý serişdeleriň ogurlanmagyna ilteşikli bolmakda aýyplaýar. Onuň ekstradisiýasy boýunça haýyş 2002-nji ýylda çykaryldy. Niýazowanyň kakasy Gurbanmyrat Niýazow oppozisiýany goldap, çykyş edipdi we soňundan türmede tussaglykda aradan çykypdyr. Aýsoltan Niýazowa özüniň yzarlanmagyny awtoritar häkimiýete garşy garaýyşlary bilen baglanyşdyrypdy.
Niýazowanyň "Nowaýa-Ýewropa" neşirine aýtmagyna görä, ol özüne ýöňkelýän jenaýata dahylly däl we onuň hiç haçan Türkmenistanyň raýatlygy bolmandyr.
2011-nji ýylda aktiwist Interpolyň soragy boýunça Şweýsariýada saklanypdy. Şweýsariýa Niýazowany Türkmenistana tabşyrmakdan ýüz öwürdi, ýöne ony Russiýa ekstradisiýa etdi. Niýazowa ol ýerde koloniýada alty ýyl saklandy. Şol ýerde ol Isa Mesih Halasgär ybadathanasyndaky aýdym-sazly çykyş sebäpli “huligançylykda” aýyplanyp türmä basylan Mariýa Alýohina bilen tanyşdy. Soňra Niýazowa 'Pussy Riot' toparyna goşuldy.
2022-nji ýylda Aýsoltan Niýazowa Sloweniýada we Horwatiýada hem, Türkmenistandan gelen şol bir haýyş esasynda, wagtlaýyn tussag edilipdi. “Nastoýaşeýe Wremýa” kanalyna görä, Sloweniýanyň kazyýeti ony 10 sagatdan soň, Horwatiýa bolsa iki günden soň boşatdy.
Horwatiýadaky tussaglykdan soň aklawçylar Interpola ýüzlenip, Türkmenistandan gelen haýyşyň bikanundygyny aýdyp, onuň adynyň gözleg bazasyndan aýrylmagyny talap etdiler, ýöne gurama şol pursat bu haýyşy ret edipdi.
Geçen ýylyň sentýabrynda hem Niýazowany Polşada wagtlaýyn saklapdylar.
Degişli maglumat Polşanyň prokurorlary aktiwist Aýsoltan Nyýazowany azatlyga goýberdi