Günbatar bilen barha artýan gapma-garşylygyň arasynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilýän uly sammitde öz ýurdunyň sebitdäki pozisiýasyny dikeltmek üçin, ünsüni gündogara gönükdirýär.
Bu waka, Günbatar sanksiýalary we Ukrainanyň dron hüjümleri sebäpli Russiýanyň ykdysadyýetiniň agyr ýagdaýa uçran, şeýle-de Kremliň ýarany Eýranyň uruşdan ejir çekýän we Siriýa hem-de Wenesuela ýaly öňki müşderi döwletleriň liderleriniň, Moskwanyň dymyşlygynyň arasynda, wezipelerinden çetleşdirilen mahalyna, Kreml lideri üçin kynçylyklaryň artýan döwrüne gabat geldi.
Putin 31-nji awgustda başlaýan we iki gün dowam edýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäklerinde Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian we Hytaýyň lideri Si Szinpin, şeýle hem başga-da azyndan ýedi lideri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. SHG şu ýyl özüniň döredilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär.
Putiniň Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi we ŞHG-e agza bolmadyk Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegine hem garaşylýar.
Kreml resmileri, Moskwanyň Russiýany sebitde Günbataryň täsirine garşy göreşiji hökmünde görkezmäge çalyşýan mahaly, Putiniň ikitaraplaýyn duşuşyklaryň azyndan dokuz sanysyny geçirmegi meýilleşdirilýändigini aýtdylar.
Putin we Si Szinpin ŞHG-niň duşuşyklaryny köplenç sebitde Günbataryň täsirine garşy birleşen göreş hökmünde ulandylar. Si 30-njy awgustda giçlik gyrgyz paýtagtyna geldi we özüniň ilkinji duşuşygyny Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow bilen geçirdi.
Russiýa, Eýran, Hindistan we Hytaý bilen birlikde, ŞHG-niň toparyna Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Özbegistan we Täjigistan girýär. Elbetde, ähli agzalar ýaran däl, ýadro güýçleri bolan Pakistan bilen Hindistan köplenç biri-biri bilen urşuň bosagasynda durýarlar.
Bu gurama 1996-njy ýylda "Şanhaý bäşligi" hökmünde öz işine başlady, ýöne 2001-nji ýyldan sebitdäki beýleki ýurtlara giňelip başlady.
Putin bilen Pezeşkianyň ýüzbe-ýüz duşuşygy
Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina doly göwrümli çozuş edendigi üçin, Eýran bolsa Ýakyn Gündogardaky ekstremist hereketleri goldaýandygy we ýadro ýaragyny edinmäge synanyşýandygy ýaly birnäçe meseleler üçin - Moskwa we Tähran Günbataryň agyr sanksiýalarynyň astynda galýar.
Kiýew we Günbatar Eýrandan Ukrainadaky uruşda ulanmak üçin Russiýa ýowuz Şahed uçarlaryny bermegi bes etmegi talap etdi, ABŞ-nyň resmileri bolsa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Russiýanyň Eýrana ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky goşunlaryna we harby desgalaryna hüjüm etmek üçin nyşana maglumatlaryny berýändigini aýtdylar we bu barada “Washington Post” gazetiniň habaryny tassyklady.
Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Putin bilen Pezeşkianyň arasyndaky gepleşiklerde "esasy temalaryň biriniň" Ýakyn Gündogar krizisi boljakdygyny aýtdy.
"Orta Gündogardaky häzirki dartgynly atmosfera we Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýlary göz öňünde tutanymyzda, bu duşuşygyň nähili möhümdigini bilýärsiňiz" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Şeýle-de, Tähranyň Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki ýadro kompaniýasy “Rosatom” bilen Eýranda dört atom elektrik stansiýasyny gurmak barada baglaşan 25 milliard dollarlyk ylalaşygy hem gün tertibinde bolar.
ŞHG ýurtlarynyň liderleri 2025-nji ýylda Hytaýyň Tianjin şäherinde geçirilen sammite gatnaşýarlar.
Britaniýada ýaşaýan analitik we “MidEast Strategia-nyň” esaslandyryjysy Nasser al-Tamimi “X” sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda köp babatda izolýasiýa edilen Eýrana kömek edip biljekdigini, “ýöne munuň diňe belli bir nokada” çenli bolup biljekdigini ýazdy.
"ŞHG Eýrana has giň syýasy goldaw berýär, onuň halkara izolýasiýasyny azaltmaga kömek edýär we söwda we hasaplaşyklary ýuan, rubl we beýleki milli walýutalar bilen amala aşyrmak mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýlelik bilen, ol Tähranyň Günbatar maliýe ulgamyna garaşlylygyny birneme azaldyp biler” diýip, ol belleýär.
"Emma ŞHG ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy ykdysady galkan däl. Onuň doly ösen alternatiw maliýe arhitekturasy ýok, ol ikinji derejeli sanksiýalara sezewar bolan iri banklar we kompaniýalar üçin ygtybarly gorag üpjün etmeýär we Hytaýy ýa-da Hindistany Eýranyň adyndan ýokary ykdysady çykdajylary öz üstüne almaga mejbur edip bilmeýär” diýip, Nasser al-Tamimi aýdýar.
Potensial dartgynly ermeni duşuşygy
Türkiýe bilen birlikde, agza bolmadyk beýleki döwetleriň, şeýle-de gatnaşyjy we syn ediji hökmünde gatnaşýan ýurtlaryň arasynda Ermenistan, Azerbaýjan, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres we Moskwa bilen hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar.
Putin Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşmagy hem meýilleşdirýär. Ermenistan uzak wagt bäri Russiýanyň ýarany bolup gelýär, ýöne ýurduň Günbatar bilen ýakynlaşmak üçin edýän tagallalary Moskwanyň gaharyny getirýär.
Ermenistanyň polisiýasy 25-nji awgustda öňki prezident, häzir ýurduň ikinji uly oppozisiýa partiýasynyň lideri Robert Koçarýany korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýatlarda aýyplap tussag edeninden soň, iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyk has-da güýçlendi.
71 ýaşly Koçarýan 1998-2008-nji ýyllar aralygynda Ermenistanyň prezidenti wezipesini eýeledi. Häzirki wagtda ol Moskwanyň tarapdary hasaplanýan we iýun aýynda geçirilen soňky parlament saýlawlarynda üçünji orny eýelän “Ermenistan Bileleşigine” ýolbaşçylyk edýär.
Ýerewan özüniň Ýewropa Bileleşigine goşulmak islegi barada soňky döwürde eden beýanatlary bilen hem, Moskwanyň gaharyny getirdi.
“Biz Ermenistanyň Ýewropa Ykdysady Bileleşigindäki (ÝYB) hyzmatdaşlykdan uly peýda görýän mahaly, Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga ymtylyp bilmejekdigine ynanýarys” diýip, Uşakow Belarusy, Gazagystany we Gyrgyzystany hem öz içine alýan bäş agzadan ybarat söwda blogy barada aýtdy.
Bişkekdäki çäräniň yz ýanynda, Putin 1-4 sentýabr aralygynda Russiýanyň Ýuwaş ummanynyň kenarynda geçiriljek Gündogar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Wladiwostoga gitmegi meýilleşdirýär.
Şeýle-de, bu ýerde onuň Indoneziýanyň prezidenti we Mongoliýanyň premýer-ministri ýaly başga-da birnäçe ýurduň liderleri bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Makala Reuters neşiriniň maglumatlary esasynda taýýarlandy.