Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) ýolbaşçylary 4-nji iýulda, Hindistanyň beýemçilik etmeginde, Eýrany goşmak we Belarusa agzalyk ýoluny açmak üçin, Ýewraziýa toparynyň täsirini giňeltmäge gönükdirilen onlaýn sammitini geçirer.
Bu sammite Hytaýyň prezidenti Si Szinpin we Russiýanyň lideri Wladimir Putin hem gatnaşar. Bu Putiniň iýun aýynyň aýagynda “Wagner” hakyna tutma toparynyň turzan pitnesi basylyp ýatyrylaly bäri gatnaşjak ilkinji halkara çäresi bolar.
2001-nji ýylda, Merkezi Aziýanyň ozalky sowet döwletleriniň agza bolmagynda, Hytaý we Russiýa tarapyndan döredilen we soňra Hindistanyň, Pakistanyň goşulmagy bilen sekiz agzaly gurama bolan ŞHG Ýewraziýadaky günbatar täsirine garşy durmaga çalyşýan syýasy we howpsuzlyk topary bolup durýar.