Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýyllyk geçirýän çykyşynyň dowamynda Ukrainadaky uruşda Moskwanyň söweş meýdanyndaky ýagdaýy barada ynamly gürläp, parahatçylygy gazanmak boýunça Kremliň möhüm eglişiklere taýýardygyna yşarat edýän hiç bir alamat görkezmedi.
Metbugat ýygnagyny rus raýatlarynyň öňünden berk saýlanan soraglary bilen utgaşdyrýan “2025-nji ýylyň Netijeleri” atly çäre 19-njy dekabrda geçirildi. Bu çykyş, Putiniň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukrainada doly göwrümli çozuşy başlamagyndan tas dört ýyl soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň parahatçylygy gazanmak boýunça diplomatiki tagallalarynyň güýçlenýän döwrüne gabat geldi.
Kremliň göz öňünde tutýan meýilleri boýunça bolup biljek yşaratlar sebäpli, bu çykyş hem Russiýanyň içinde, hem-de daşary ýurtlarda üns bilen yzarlanýar. Putin çykyşynyň ilkinji minutlarynda: “Biziň goşunlarymyz çaknyşyk çyzygynyň ähli ugurlary boýunça öňe ilerleýär. Käbir ýerlerde çalt, käbir ýerlerde haýal. Emma ähli ugurlarda duşman yza çekilýär” diýip, öňe sürdi.
Berk gözegçilik astynda geçirilýän bu çäre köplenç birnäçe sagatlap dowam edýär.
Putin soňky aýlarda Russiýanyň uruşda artykmaçlyk gazanýandygyny we öz öňünde goýan maksatlaryna ýetjekdigini gaýta-gaýta aýtdy. Onuň berk guramalaşdyrylan sowal-jogap çäresiniň dowamynda eden ilkinji beýanatlarynda, ilki meýillerini gowşatjakdygyny görkezýän alamat bolmady.
Putin beýleki mowzuklara geçmezinden öň: “Men ýylyň ahyryna çenli söweş meýdanynda täze üstünliklere şaýat boljakdygymyza ynanýaryn” diýdi.
Russiýanyň güýçleri 1 müň 100 kilometrlik front çyzygynyň dürli ugurlarynda Ukrainanyň adam güýji we köplenç ýarag-enjam taýdan kemçilik edýän goranyşyna dowamly basyş edip, haýallyk bilen öňe ilerlemegini dowam etdirýär.
Şeýle-de bolsa, Putin Russiýanyň öňegidişliklerini has pajarly edip görkezdi. Ol Moskwanyň Harkiw regionyndaky Kupýansk şäherini doly diýen ýaly ele geçirendigini, ukrain esgerlerini hem gabawa alandygyny aýtdy.
Bu öňe sürme gaty jedelli, sebäbi geçen aý ukrain güýçleri Moskwanyň eýelän käbir sebitlerinde garşylyklaýyn hüjümleri gurady, şu hepde bolsa Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň baş serkerdesi Kiýewiň şäheriň aglaba bölegine gözegçilik edýändigini aýtdy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski geçen hepde bu sebite sapar edip, şäheriň synmandygyny görkezmäge çalyşdy.
Putin şeýle hem Donetsk oblastyndaky Pokrowsk şäheri boýunça rus güýçleriniň öňe ilerleýändigini belledi. Moskwa takmynan bir ýyl bäri bu şähere ileri tutulýan maksatly ugur hökmünde garaýar, şäheriň Russiýanyň eline geçmek howpy saklanýar. Ukrainanyň aýtmagyna görä, olar häzir hem şäher merkezine we demirgazyk etraplaryna gözegçilik edýärler.
Russiýa birnäçe aý bäri Kiýewiň we Günbataryň ok atyşyklary bes etmek baradaky çagyryşlaryny ret edip gelýär we egilşige taýýarlygyny görkezmen, parahatçylyga gönükdirilen tagallalary kynlaşdyrýar.
Şeýle-de bolsa, Putin parahatçylyk tagallalaryna Ukrainanyň päsgelçilik döredýändigini öňe sürdi, şol sanda Kiýewiň Donetsk oblastynda bar bolan goşunlaryny yza çekmekden ýüz öwürýändigini aýtdy.
Putin: “Biz Kiýewiň bu konflikti duruzmaga taýýardygyny görmeýäris” diýdi. Biraz soňra ol, diplomatiki tagallalara salgylanyp, Moskwanyň “käbir yşaratlary” synlaýandygyny, şol sanda Ukrainanyň hökümetinden hem “haýsydyr bir dialoga taýýardyklary” baradaky alamatlaryň bardygyny aýtdy.
Putin çykyşyna, Ýewropa Bileleşiginiň 19-njy dekabrda doňdurylan rus aktiwlerini geljek ýyllarda Ukrainanyň ykdysady we harby zerurlyklaryny goldamak baradaky teklip boýunça ylalaşyga gelip bilmändigi baradaky habarlardan birnäçe sagat soň başlady. Munuň ýerine, ÝB ýolbaşçylary bileleşigiň Kiýewe 90 milliard ýewro (106 milliard dollar) möçberinde göterimsiz karz berjekdigi barada ylalaşdylar.
ABŞ-nyň wekilleri ukrain we rus resmileri bilen birnäçe tapgyrda aýra-aýralykda gepleşikleri geçirdiler. Ýewropaly liderler hem Kiýewiň Moskwa üçin amatly bolup biljek ylalaşykdan saklanmagyna ýardam hökmünde öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Tramp 15-nji dekabrda ylalaşyga ýetmek mümkinçilikleriniň “ozalkylardan has ýakyndygyny” aýtdy. Emma esasy dawaly meseleler boýunça, şol sanda territoriýa gözegçiligi, esasan-da agyr söweşleriň alnyp barylýan Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk oblastlarynyň gözegçiligi boýunça Russiýanyň we Ukrainanyň pozisiýalary biri-birinden çürt-kesik tapawutlanýar.
Putiniň soňky çykyşy, ABŞ gepleşikçileriniň Maýamide ukrain we rus wekilleri bilen ýene-de aýra-aýralykda geçirilmegine garaşylýan duşuşygynyň öň ýanyna gabat geldi.
Putin Russiýanyň eglişige taýýardygyny görkezýän örän az, hatda umuman hiç hili alamat bermedi. Ol 17-nji dekabrda eden çykyşynda, emele geljek islendik parahatçylyk teklibiniň Moskwanyň talaplaryna görä bolmasa, Russiýanyň özüniňki hasaplaýan topraklary güýç bilen aljakdygyny aýtdy.