Putin, Tokaýew Astanada hyzmatdaşlygy maslahatlaşýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen. Arhiw suraty

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, geçen ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan urşundan bäri edýän örän seýrek daşary ýurt saparlarynyň biriniň çäginde, 9-njy noýabrda Astana gelip, gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we strategiki hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Iki lideriň duşuşygy Gazagystanyň demirgazygynda, Russiýa bilen araçäkde ýerleşýän Kostanaý şäherinde geçirilen 19-njy Gazak-Rus sebitara hyzmatdaşlygy forumyndaky wideo baglanyşygyndan başlandy.

Gepleşiklerden soň žurnalistler bilen söhbetdeş bolan prezidentler iki ýurduň strategiki hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdylar.

Putin Russiýanyň Gazagystan bilen, öz sözleri bilen aýdylanda, "köptaraply" gatnaşyk saklaýandygyny aýtdy we Moskwa-Astana arasynda harby gatnaşyklaryň has işjeň ösdürilmegine çagyrdy.

Ol iki lideriň "harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy berkitmek" meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny nygtady.